Golden Boy: Ýewropanyň iň gowy ýaş futbolçysy Lamin Ýamal boldy

  • 29.11.2024 13:03
  • 6.6k+

“Barselonanyň” we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Lamin Ýamal 21 ýaşa çenli Ýewropanyň iň gowy ýaş futbolçysyna berilýän Golden Boy (“Altyn oglan”) baýragynyň eýesi boldy. Bu barada baýragyň guramaçysy Tuttosport italýan neşiri X sosial ulgamynda habar berdi.

Ýamal şu ýyl 17 ýaşyny doldurdy. Ýewro-2024 ýaryşynda ol 16 ýyl 338 gün ýaşynda Ýewropa çempionatynyň iň ýaş oýunçysy boldy, soňra Ýewronyň taryhynda goluň iň ýaş awtory (16 ýyl 362 gün) hökmünde rekord goýdy. Ýamal Ýewronyň iň ýaş oýunçysy diýlip ykrar edildi, Ispaniýanyň milli ýygyndysy bolsa çempion boldy.
Baýrak 2003-nji ýyldan bäri berilýär. Ony her ýyl Ýewropa çempionatlarynyň biriniň ýokary diwizionynda çykyş edýän 21 ýaşdan kiçi futbolçy alýar. Geçen ýyl baýragy Madridiň “Realynyň” we Angliýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Jud Bellingem aldy.
Dürli ýyllarda Golden Boy baýragynyň eýesi Lionel Messi, Serhio Aguero, Ueýn Runi, Mario Balotelli, Mario Getse, Pol Pogba, Kilian Mbappe we Erling Holand boldy.


şu gün 13:40
310

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

düýn 22:49
5.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
9.6k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......