Ýamal “Barselonanyň” akademiýasynyň 100-den gowrak ýaş oýunçylaryna sowgat etdi

  • 22.12.2024 23:56
  • 9.3k+

“Barselonanyň” ýarymgoragçysy Lamin Ýamal klubuň akademiýasynyň talyplaryna 100-den gowrak nauşnikleri sowgat etdi. Bu barada Mundo Deportivo neşiri habar berýär.

Ispaniýaly wunderkinde hemaýatkärlik edýän nauşnik brendi ilki onuň topardaş ýoldaşlaryna birnäçe nauşnigi sowgat bermegi meýilleşdiripdi. Emma Ýamal olary “Barselonanyň” esasy düzümine paýlamaga derek "La Masiýanyň oglan-gyzlaryna sowgat berilse, has gowy bolardy" diýdi.
Netijede, Ýamal ýaş futbolçylara 100-den gowrak nauşnikleri berdi. Her sowgadyň ýanyna şahsy goly çekilen haty hem-de tans edýän adamjykly we nauşnikli smaýlik bilen bezelen “Aýdym-sazdan lezzet alyň” diýen ýazgyny goşdy.
Ýamalyň özi hem “La Masiýany” tamamlady. Ol 2023-nji ýyldan bäri esasy toparda oýnaýar. Kataloniýa kluby bilen baglaşan şertnamasy 2026-njy ýyla çenli dowam eder we transfer bahasy bolsa 150 million ýewro diýlip çaklanylýar.


düýn 22:49
4.4k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
9k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......