"Real" soňky bir ýarym ýylda ilkinji gezek "Barselonadan" üstün çykdy

  • 27.10.2025 09:55
  • 13k+

Madridiň «Realy» Ispaniýanyň çempionatynyň 10-njy tapgyrynda öz meýdançasynda «Barselonany» 2:1 hasabynda ýeňdi. Bu duşuşyk futbol taryhynda 262-nji «El-klasiko» boldy.

Duşuşygyň eýýäm 2-nji minutynda katalonlylaryň derwezesine penalti bellenildi, emma soňra bu karar ýatyryldy. 12-nji minutda Kilian Mbappe gol geçirdi, ýöne ofsaýd sebäpli gol hasaba alynmady. Şeýle-de bolsa, 22-nji minutda fransiýaly hüjümçi Jud Bellingemiň pasyndan soň hasaby açdy.
«Barselona» 38-nji minutda Fermin Lopesiň goly bilen jogap berdi. Emma 43-nji minutda Bellingem toparyny öňe alyp çykdy. İlkýarymyň soňunda Mbappe ýene gol geçirdi, ýöne ýene-de offsaýd sebäpli netijä goşulmady. Ikinji ýarymda hem Bellingemiň bir goly hasapdan çykaryldy.
52-nji minutda «Real» ýene penalti gazandy, ýöne Mbappeniň urgusyny Woýseh Şesny üstünlikli gaýtardy.
Duşuşygyň goşmaça wagtynda «Barselonanyň» oýunçysy Pedri gyzyl duýduryş aldy.
Oýnuň ahyrynda ätiýaçdaky oturgyçlarynyň ýanynda oýunçylaryň arasynda dawa ýüze çykdy, hatda polisiýa goşulmaly boldy. Ahyrky jürlewükden soň Dani Karwahal bilen Lamin Ýamalyň arasynda dawa sebäpli meýdançanyň içinde hem topalaň emele geldi. Hadysanyň netijesinde birnäçe oýunça sary duýduryş berildi.
Mbappeniň «Barselona» derwezesine garşy 9 oýunda 12 goly bar. XXI asyrda «Barselona» garşy ondan köp diňe Karim Benzema (46 oýunda 16 gol) we Kriştianu Ronaldo (34 oýunda 20 gol) geçirdiler. Şeýle hem Mbappe bu asyrda «Barselona» garşy yzly-yzyna 4 duşuşykda gol geçiren üçünji oýunçy boldy.
Jud Bellingem (22 ýaş 119 gün) XXI asyrda «Real» toparynyň düzüminde «Barselona» garşy bir duşuşykda hem gol, hem-de gol pasy bilen tapawutlanan iň ýaş oýunçy boldy. Mundan öňki rekord Winisius Žuniora degişlidi.
«Real» soňky gezek «Barselonany» geçen ýylyň 21-nji aprelinde (3:2) ýeňipdi. Häzirki ýeňiş «Realyň» La Ligada yzly-yzyna üçünji ýeňşi bolup, topar 27 utuk bilen birinji ýerde. «Barselona» soňky üç oýundan ikisinde ýeňlip, 22 utuk bilen ikinji orunda.
Indiki tapgyrda «Real» «Walensiýany» kabul eder, «Barselona» bolsa «Elçeni» garşy alar. Duşuşyklar 1-nji we 2-nji noýabrda geçiriler.


düýn 19:10
3.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....