Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

  • 13.05.2026 09:28
  • 3.8k+

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji gezek aldy.

Iň gowy oýunçy diýen ada onuň klubdaşlary Nunu Mendeş we Witinýa («PSŽ»), şeýle hem Meýson Grinwud («Marsel») we Florian Towen («Lans») hem dalaş etdi.

Liga 1-iň häzirki möwsüminde Dembele 20 oýna gatnaşyp, 10 gol geçirdi we alty assist etdi. Hüjümçi dokuz gezek esasy düzümde meýdança çykdy. Geçen möwsümde bolsa 29 oýunda 19 gol we sekiz assist bilen tapawutlanypdy.

Dembeleniň «PSŽ» bilen şertnamasy 2028-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär. Transfermarkt-yň maglumatyna görä, oýunçynyň bazar gymmaty 100 million ýewro diýlip bahalandyrylýar.

Şeýle-de, UNFP möwsümiň simwolik ýygyndysyny hödürledi. Oňa Dembele, Aşraf Hakimi, Willian Paço, Nunu Mendeş, Witinýa (hemmesi — «PSŽ»), Risser, Sarr, Sangare, Florian Towen (hemmesi — «Lans»), şeýle hem Korenten Tolisso («Lion») girdi.

Möwsümiň iň gowy tälimçisi diýlip «Lans» toparyndan Pýer Saž saýlandy. Daşary ýurtda çykyş edýän iň gowy fransuz futbolçysy baýragyna «Bawariýanyň» wingeri Maýkl Olise mynasyp boldy. Afrikada parahatçylyk söýüji we ynsanperwer başlangyçlary goldandygy üçin Didýe Drogba «Fondaction du Football Citizen Player Trophy» baýragyny aldy.


şu gün 15:58
2.5k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 13:42
2.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
7.7k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......