“PSŽ” – möwsümiň iň gowy kluby, Luis Enrike – iň gowy tälimçi

  • 23.09.2025 11:01
  • 5.4k+

Fransiýanyň “PSŽ” kluby France Football žurnaly tarapyndan möwsümiň iň gowy futbol kluby, oňa ýolbaşçylyk edýän Luis Enrike bolsa iň gowy tälimçi diýlip ykrar edildi. Dabara duşenbe güni Parižde geçirildi.

Geçen möwsümde “PSŽ” Çempionlar ligasynda, Fransiýanyň çempionatynda, Kubogynda we Superkubogynda ýeňiji boldy. Şeýle-de, Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çykdy.
Zenan klublarynyň arasynda iň gowusy Angliýanyň “Arsenal” kluby boldy.
Tälimçä berilýän Ýohan Kroýf adyndaky baýragy italiýaly Fabio Kapello gowşurdy. Ýöne Luis Enrike dabara gatnaşmady. Onuň geçirilen wagty “PSŽ” Fransiýanyň çempionatynyň çäklerinde “Marsel” bilen duşuşmaly boldy.
Geçen möwsümde baýragyň eýesi Madridiň “Realynyň” tälimçisi, italiýaly Karlo Ançelotti bolupdy.
Zenan toparlarynyň arasynda möwsümiň iň gowy tälimçisi diýlip niderlandly Sarina Wigman saýlandy. Ol Angliýanyň milli zenanlar ýygyndysyna ýolbaşçylyk edýär.


düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....