PSŽ geçen möwsümde rekord – 837 mln ýewro gazandy

  • 02.11.2025 19:44
  • 3.8k+

“Pari Sen-Žermen” futbol kluby geçen möwsüm boýunça 837 million ýewro girdeji gazandy. Bu maglumat klubuň çap eden maliýe hasabatynda görkezilýär. Bu görkeziji klub üçin rekord hasaplanýar. Gurama erkekler we aýallar futbol toparlaryny, şeýle-de gandbol, dzýudo we kibersport ugurlaryny öz içine alýar.

Hasabat döwründe iň uly üstünlikleri erkekleriň futbol topary gazandy. Topar:

  • Çempionlar ligasyny,
  • Fransiýanyň çempionatyny,
  • Fransiýanyň Kubogyny,
  • Fransiýanyň Super kubogyny,
  • UEFA-nyň Super kubogyny alyp,
  • ABŞ-da geçirilen Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çykdy.

Klubyň täjirçilik girdejisi 367 million ýewro, oýun günlerinden (petek, atributika, stadion hyzmatlary) gelen girdejisi bolsa 175 million ýewro boldy.
Dowam edýän täze möwsümde PSŽ dokuz tapgyrdan soň 20 utuk bilen Fransiýanyň çempionatynda birinji ýerde barýar.
Çempionlar ligasynda hem topar üç oýundan soň mümkin bolan 9 utugyň ählisini toplapdyr.


düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....