UEFA-nyň Çempionlar ligasy: “PSŽ” “Barselonany” utdy, “Karabah” ikinji ýeňşini gazandy

  • 02.10.2025 14:18
  • 8.2k+

UEFA-nyň Çempionlar ligasynda umumy tapgyryň ikinji oýunlary tamamlandy.

Agşamyň esasy duşuşygy Barselonada geçirildi, bu ýerde katalon kluby ýaryşyň häzirki çempiony “Pari Sen-Žermeni” kabul etdi.
“Barselona” eýýäm ilkinji minutlarda hasaby açyp bilerdi, ýöne parižlileriň goragçysy Ilýa Zabarnyý Ferran Torresiň urgusyndan soň topuň derwezä girmegine mümkinçilik bermedi. Ýöne Ferran 19-njy minutda, her niçigem bolsa, öz hasabyna gol ýazdy. Myhmanlar arakesmä çenli hasaby deňläp ýetişdi: Senni Maýulýu gol geçirdi. Oýnuň ikinji ýarymynda “Barselona” birnäçe mümkinçiligi sypdyrdy. Pariž kluby bolsa, tersine, oýnuň ahyrynda pursatdan peýdalandy – meýdança çykan Gonsalu Ramuşu 90-njy minutda ýeňiş goluny girizdi. Oňa topy Aşraf Hakimi geçirdi.
Beýleki oýunlara gysgaça syn:

  • “Monako” – “Mançester Siti” 2:2. Erling Holand ÇL-däki 50-nji oýnunda iki gol geçirdi, ýöne Erik Daýeriň 90-njy minutdaky penalti urgusy ýer eýelerini utulmakdan halas etdi.
  • “Wilýarreal” – “Ýuwentus” 2:2. “Ýuwentusyň” öňki goragçysy Renatu Weýga ispan klubunyň utulmagyna ýol bermedi – oýnuň ahyrynda ol öňki klubuna garşy kelle bilen gol salyp, ýer eýeleri üçin hasaby deňledi.
  • “Karabah” – “Kopengagen” 2:0. Oýunda ýeňiş gollaryny Abdella Zubir we Emmanuel Addaý geçirdi. Azerbaýjan kluby iki tapgyrdan soň iň köp utugy gazandy.
  • “Ýunion” – “Nýukasl” 0:4. Entoni Gordon penaltiden iki gol geçirdi, şeýle-de Nik Woltemade we Harwi Barns öz hasaplaryna gol ýazdy.
  • “Arsenal” – “Olimpiakos” 2:0. Gabriel Martinelli bilen Bukaýo Sakanyň gollary “Arsenala” ýeňiş getirdi.
  • “Baýer” Lewerkuzen – “PSW” Eýndhowen 1:1. Toparlar täsirli oýun görkezdi. Kristian Kofane Çempionlar ligasynda “Baýeriň” iň ýaş gol awtory boldy, ýöne “PSW” Ismael Saýbariniň urgusy bilen derrew jogap gaýtardy.
  • “Borussiýa” Dortmund – “Atletik” Bilbao 4:1. Swenssonyň, Çukwuemekiniň, Girassiniň we Brandtyň gollary nemes klubuna ýeňşi üpjün etdi.
  • “Napoli” – “Sporting” 2:1. “MÝ-den” kärendesine alnan Rasmus Heýlunnyň iki goly “Napoliniň” hasabyna üç utuk ýazdy, iki ýagdaýda-da oňa Kewin de Brýoýne kömek etdi. Oýnuň ahyrynda topary derwezeban Wanýa Milinkowiç-Sawiç halas etdi.

düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....