Donnarumma möwsümiň iň gowy derwezebany hökmünde FIFA-dan The Best baýragyny aldy

  • 17.12.2025 10:19
  • 2.4k+

Italiýaly derwezeban Janluiji Donnarumma geçen möwsümiň iň gowy derwezebany hökmünde FIFA-nyň The Best baýragynyň eýesi boldy. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berildi.

Häzirki wagtda «Mançester Sitide» çykyş edýän derwezeban bu baýragy 2024-nji ýylyň 11-nji awgustyndan 2025-nji ýylyň 2-nji awgusty aralygyndaky ajaýyp çykyşlary üçin aldy. Bu döwürde ol Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» klubunyň düzüminde dört kubok utdy: Çempionlar ligasy, Fransiýanyň çempionaty, şeýle-de ýurduň Kubogy we Superkubogy.
Bu kategoriýada ýeňiji milli ýygyndylaryň kapitanlarynyň we baş tälimçileriniň, žurnalistleriň we janköýerleriň ses bermegi arkaly kesgitlenýär.
Ýylyň iň gowy derwezebany adyna dalaşgärleriň arasynda şu aşakdakylar hem bardy:

  • Alisson Bekker («Liwerpul», Braziliýanyň milli ýygyndysy)
  • Tibo Kurtua (Madridiň «Realy», Belgiýanyň milli ýygyndysy)
  • Emiliano Martines («Aston Willa», Argentinanyň milli ýygyndysy)
  • Manuel Noýer («Bawariýa», Germaniýanyň milli ýygyndysy)
  • Dawid Raýýa («Arsenal», Ispaniýanyň milli ýygyndysy)
  • Ýan Zommer («Inter», Şweýsariýanyň milli ýygyndysy)
  • Woýseh Şçensny («Barselona», Polşanyň milli ýygyndysy)

şu gün 09:11
594

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:41
3.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.8k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.4k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......