FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

  • şu gün 09:11
  • 973

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak mümkinçiligi üstünde işleýär. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, ara alyp maslahatlaşmalar ýaryşyň soňky ýeňijisi «Çelsiniň» takmynan 84 million funt sterling gazanmagyndan soň başlandy. Ýewropanyň iri klublary saýlama tapgyra gatnaşmak mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin gatnaşyjylaryň sanyny artdyrmagy teklip etdiler.

Klublaryň arasyndaky geçen dünýä çempionatynda Angliýanyň, Ispaniýanyň we Italiýanyň çempionlary — «Liwerpul», «Barselona» we «Napoli» çykyş etmediler. Hereket edýän saýlama ulgamy Çempionlar ligasynyň soňky dört ýeňijisiniň we UEFA-nyň iň ýokary koeffisiýentine eýe bolan sekiz klubuň gatnaşmagyny göz öňünde tutýardy, şol bir wagtyň özünde bir ýurtdan ikiden köp toparyň gatnaşmagyna rugsat berilmeýärdi.

Indi köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, FIFA bir ýurtdan bolan klublaryň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýar. Şeýle bolan halatynda, UEFA-nyň reýtinginiň liderleriniň hataryna girýän Angliýanyň Premýer-ligasynyň wekilleri, hususan-da «Arsenal», «Liwerpul» we «Mançester Siti» ýaly toparlar gatnaşmak üçin goşmaça mümkinçilik alyp bilerler.


düýn 23:41
3.4k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.4k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......