Çempionlar ligasy: «Liwerpul» «Realy» utdy, «Bawariýa» on bolup "PSŽ-den" üstün çykdy

  • 05.11.2025 10:48
  • 8.8k+

UEFA-nyň Çempionlar Ligasynda dördünji tapgyryň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Gije futbol janköýerlerini iki uly duele tomaşa edip bildiler.

«Liwеrрul» – «Real» 1:0

«Enfild» stadionynda geçirilen duşuşykda «Liwеrpul» ýeňiş gazandy.
Gol: Aleksis Makallister (kelle urguda), pas – Dominik Soboslaý. Madrid klubuny 
has uly hasap bilen utulmakdan Tibo Kurtua halas etdi – ol Soboslaýyň dört urgusyny, şeýle hem Wan Deýkiň we Ekitikeniň howply urgularyny gaýtardy.

«PSŽ» – «Bawariýa» 1:2

Duşuşygyň birinji ýarymy dartgynly wakalara baý boldy. Luis Dias ýarym sagadyň içinde iki gezek "PSŽ-niň" derwezesine gol geçirdi. Usman Dembele ýene-de şikes aldy. Aşraf Hakimi şikes sebäpli oýundan çykmaly boldy. Bu şikesi ýetiren Dias gyzyl duýduryş aldy. Arakesmeden soň Žoаu Neweş aratapawudy azaltmagy başarsa-da, «Bawariýanyň» ýeňşini saklap bildi.
Manuel Noýer toparyny ençeme gezek halas etdi.

«Slawiýa» – «Arsenal» 0:3

Londonyň «Arsenaly» «gury» ýeňişler tapgyryny dowam etdirdi.
Gollar: Bukaýo Saka – 11 metrlik urgudan, Mikel Merino – 2 gol
Duşuşygyň esasy wakasy - meýdança 15 ýaşly Maks Doumen çykdy – ol Çempionlar Ligasynyň iň ýaş oýunçysy boldy (15 ýyl 10 aý 4 gün).

Beýleki duşuşyklar

  • "Napoli" - "Aýntraht" 0:0;
  • "Atletiko" - "Ýunion" 3:1;
  • "BudegGlimt" - "Monako" 0:1;
  • "Ýuwentus" - "Sporting" 1:1;
  • "Olimpiakos" - "PSW" 1:1;
  • "Tottenhem" - "Kopengagen" 4:0

 

6-njy noýabra geçilýän gije galan oýunlar oýnalar:

  • «Pafos» — «Willareal» (22:45)
  • «Karabah» — «Çelsi» (22:45)
  • «Aýaks» — «Galatasaraý»
  • «Brýugge» — «Barselona»
  • «Inter» — «Kaýrat»
  • «Mançester Siti» — «Borussiýa» D.
  • «Nýukasl» — «Atletik»
  • «Olimpik» — «Atalanta»
  • «Benfika» — «Baýer»

şu gün 09:11
594

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:41
3.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.8k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.4k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......