«PSŽ» penalti tapgyrynda FIFA-nyň Yklymara kubogyny utdy: Safonow 4 topy yzyna gaýtardy

  • 18.12.2025 13:11
  • 8.6k+

«Pari Sen-Žermen» taryhda ilkinji gezek FIFA-nyň Yklymara kubogynyň eýesi boldy. Ol Braziliýanyň «Flamengo» klubuny oýundan soňky penalti tapgyrynda utdy. Er-Raýýanda (Katar) geçirilen duşuşygyň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy, 11 metrlikden gol geçirmekde bolsa parižliler güýçli geldi – 2:1.

Pariž kluby duşuşygyň 38-nji minutynda Hwiça Kwarasheliýanyň goly bilen öňe çykdy. Ikinji ýarymda Rio-de-Žaneýro topary hasaby deňledi: Žoržinýo penaltiden üstünlikli gol girizdi.
«PSŽ-niň» ýeňiş gazanmagyna russiýaly derwezeban Matweý Safonowyň oýny uly ýardam etdi. Oýundan soňky penalti tapgyrynda derwezeban dört urgyny saklady. Usman Dembele bilen Bredli Barkola öz gezeginde gol geçirip bilmese-de, derwezebanyň hereketi «PSŽ-niň» ýeňiş we kubok gazanmagyny üpjün etdi.


düýn 16:49
5.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
5.7k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.3k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.5k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....