Çempionlar ligasy: Winisius ýene tans edýär, «PSŽ», «Atalanta» we «Galatasaraý» 1/8 finalda

  • 26.02.2026 05:55
  • 12k+

UEFA Çempionlar ligasynyň 2025/2026-njy ýyl möwsüminiň pley-off (styk) tapgyry tamamlandy. Duşuşyklaryň netijesinde 1/8 finalyna kim-kimleriň gatnaşjagy belli boldy. 

Geçen gijäniň esasy wakalaryna gysgaça syny dykgatyňyza ýetirýäris:

Bergamolylaryň «kambegi»: «Atalanta» — «Borussiýa» Dortmund (4:1)
Birinji duşuşykda 0:2 hasaby bilen ýeňilen «Atalanta» öz meýdançasynda Germaniýaly klubuň oýnunda asgyn ýerlerini tapdy.
«Atalanta» eýýäm duşuşygyň birinji ýarymynda hasaby 2:0 etdi, arakesmeden soň bolsa 3:0-a ýetirdi.
«Borussiýa» bir gol urup, oýnuň umumy hasabyny deňledi, emma 90-njy minutda toparyň goragçysy Bensebaini öz jerime meýdançasynda düzgün bozup, hem gyzyl kart aldy, hem-de penalti getirdi. Lazar Samardžiç 11 metrlik urgyny dürs ýerine ýetirip, umumy hasaby 4:3-e çykardy. «Atalanta» Italiýanyň häzirki wagtda ýaryşda galan ýeke-täk wekili boldy.

«Ýuwentus» «Galatasaraýy» aljyratdy
«Ýuwentus» birinji oýundaky 2:5 hasabyndaky ýeňlişden soň, öýünde «Galatasaraýa» garşy örän batyrgaý oýun görkezdi. Turinliler 48-nji minutdan soň azlyk bolup oýnasalar-da, 3:0 hasabynda öňe geçip, oýny goşmaça wagta (ekstra-taýma) geçirmegi başardylar.
Goşmaça wagtda «Galatasaraýyň» türk hüjümçisi Baryş Alper Ýylmaz ilki Wiktor Osimhene assist edip, soňra özi hem gol urup, «Ýuwentusyň» umytlaryny puja çykardy. Oýun 3:2 hasabynda tamamlandy (umumy hasap – 5:7). Stambully klub ýaryşdaky ýoluny dowam etdirýär.

«Realyň» ýeňişi we Winisiusyň degnalara degen tansy
«Real» öz meýdançasynda «Benfikany» 2:1 hasaby bilen utdy (umumy hasap 3:1).
Ilki hasaby 14-nji minutda Mourinýonyň tälim berýän lissabonly topary açdy, emma eýýäm 2 minut geçensoň Tçuameni hasaby deňledi. Madridliler iki goly hem Federiko Walwerdeniň pasyndan soň geçirdiler.
80-nji minutda ikinji goly salan Winisius Žunior ýene-de burçdaky baýdagyň golaýyna baryp, birinji – myhmançylykdaky oýunda «Benfikanyň» janköýerleriniň janyny ýakan tansy gaýtalady. Ýatladyp geçsek, şol oýunda braziliýaly hüjümçi eminlere «Benfikanyň» oýunçysy J. Prestianni tarapyndan kemsidilendigi hakda şikaýat edipdi. Winisiusyň aýtmagyna görä, garşydaş toparyň oýunçysy agzyny futbolka bilen bukup, ony «maýmyn» diýip atlandyrypdyr. Prestianni oňa gaty-gaýrym söz aýdandygyny inkär etse-de, UEFA ony jogap oýundan çetleşdiripdi.

PSŽ-niň ýeňişli deňme-deňligi
Parižliler öz meýdançasynda «Monako» bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnap, birinji oýundaky artykmaçlygy (3:2) bilen indiki tapgyra geçdiler. PSŽ-niň gollaryny Markinýos we Hwiça Kwaraçheliýa öz adyna ýazdyrdylar.

1/8 finalyň gatnaşyjylary we bije çekilişik
Pley-off tapgyryndan «Real», «PSŽ», «Atalanta», «Galatasaraý», «Budýö-Glimt», «Baýer», «Nýukasl» we «Atletiko» Madrid geçmegi başardylar.
27-nji fewralda Nýonda geçiriljek bije çekilişikde toparlaryň garşydaşlary belli bolar. Bije tertibine görä toparlar öňden kesgitlenen iki garşydaşyň haýsy bolsa birine gabat gelmeli:

  • «PSŽ» ýa-da «Nýukasl» — «Barselona» ýa-da «Çelsi»
  • «Galatasaraý» ýa-da «Atletiko» — «Liwerpul» ýa-da «Tottenhem»
  • «Real» ýa-da «Budýö-Glimt» — «Sporting» ýa-da «Mançester Siti»
  • «Atalanta» ýa-da «Baýer» — «Arsenal» ýa-da «Bawariýa»

şu gün 19:10
2.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

şu gün 10:53
5.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
5.2k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.4k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....