Usman Dembele FIFA tarapyndan möwsümiň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

  • 17.12.2025 10:04
  • 2.1k+

«Pari Sen-Žermeniň» fransiýaly hüjümçisi Usman Dembele Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan 2024/25 möwsüminiň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada gurama Dohada geçirilen The Best FIFA Football Awards dabarasynda yglan etdi.

Ýeňiji milli ýygyndylaryň baş tälimçileriniň we kapitanlarynyň, şeýle-de sport žurnalistleriniň we janköýerleriň ses bermegi arkaly kesgitlendi.
The Best FIFA Football Awards baýragy üçin beýleki dalaşgärleriň arasynda Kilian Mbappe («Real»), Rafinýa («Barselona»), Aşraf Hakimi, Nunu Mendeş, Witinýa (hemmesi - «PSŽ»), Garri Keýn («Bawariýa»), Koul Palmer («Çelsi»), Mohamed Salah («Liwerpul») we Lamin Ýamal («Barselona») bardy.
Yzygider üçünji gezek möwsümiň iň gowy zenan futbolçysy hökmünde «Barselonadan» ispaniýaly Aýtana Bonmati saýlandy. Mundan öň ol «Altyn topuň» üç gezek eýesi boldy.
Bir ýyl ozal erkekleriň arasynda bu baýragy «Realyň» braziliýaly wingeri Winisius Žunior alypdy. 


düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
6.3k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....