“PSŽ-niň” futbolçysy Usman Dembele “Altyn topuň” eýesi boldy

  • 23.09.2025 08:10
  • 9.8k+

“Pari Sen-Žermen” klubunyň fransiýaly futbolçysy Usman Dembele UEFA we L’Equipe bilen bilelikde France Football žurnaly tarapyndan möwsümiň iň gowy futbolçysyna berilýän “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy.

Baýragyň gowşurylyş dabarasy duşenbe güni Pariždäki Şatle teatrynda geçirildi. Baýragy 2005-nji ýylyň “Altyn topunyň” eýesi, braziliýaly Ronaldinýo gowşurdy. Dembele baýragy alandan soň, gözýaşyny saklap bilmedi.

100 ýurtdan žurnalistleriň ses bermeginde ikinji orny “Barselonanyň ispaniýaly futbolçysy Lamin Ýamal, üçünji orny “PSŽ-den” Witinýa eýeledi.

Şeýle-de, iň gowularyň ilkinji onlugyna şular girdi:

4. Mohamed Salah (Müsür, “Liwerpul”);

5. Rafinýa (Braziliýa, “Barselona”);

6. Aşraf Hakimi (Marokko, “PSŽ”);

7. Kilian Mbappe (Fransiýa, “Real”);

8. Koul Palmer (Angliýa, “Çelsi”);

9. Janluiji Donnarumma (Italiýa, “PSŽ”);

10. Nunu Mendeş (Portugaliýa, “PSŽ”).

Usman Dembele fransuz futbolynyň taryhynda “Altyn top” baýragyny alan altynjy futbolçy boldy. Ozal baýragy fransiýaly futbolçylaryň arasynda Raýmon Kopa (Madridiň “Realy”), Mişel Platini (Turiniň “Ýuwentusy” / üç gezek), Žan-Pýer Papen (Marsel “Olimpik”), Zinedin Zidan (Turiniň “Ýuwentusy”) we Karim Benzema (Madridiň “Realy”) alypdy.

Şeýlelikde, fransuz futbolçylary “Altyn top” alan oýunçylaryň sany boýunça Italiýadan we Germaniýadan öňe geçip, täze rekord goýdy.

Zenanlaryň arasynda “Altyn topy” yzygider üçünji ýyl “Barselonanyň” ispaniýaly futbolçysy Aýtana Bonmati aldy. Oňa baýragy klubuň we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki ýarymgoragçysy Andres Inýesta gowşurdy.

“Altyn top” 1956-njy ýylda France Football tarapyndan Ýewropada ýylyň iň gowy futbolçysy üçin baýrak hökmünde döredildi.


düýn 23:01
3.2k+

Dünýä çempionatynda boljak yssydan howatyr edýän futbolçylar FIFA açyk hat ýazdylar

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň futbolçylary Halkara futbol federasiýasyna (FIFA) açyk hat ýollap, ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda oýunçylary aşa yssy howadan goramak......

18.05.2026 21:08
6.3k+

Dani Karwahal 13 ýyldan soň «Real» bilen hoşlaşýar

Çempionlar ligasynyň alty gezek ýeňijisi, ispaniýaly goragçy Dani Karwahal möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Realyndan» gider. Bu barada futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

18.05.2026 00:06
6.3k+

«Benfika» Mourinýu bilen ligadaky möwsümi asla utulman tamamlady, ýöne titul almady

Lissabonyň «Benfika» topary baş tälimçi Žoze Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 2025/2026 möwsümini Portugaliýanyň çempionatynda ýekeje gezek hem utulman tamamlady we Ýewropada öz ýurdunda şeýle netije görkezen......

17.05.2026 20:11
4.1k+

Habi Alonso «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesine bellendi

Habi Alonso 1-nji iýuldan başlap Londonyň «Çelsi» futbol klubunyň baş tälimçisi bolar. Klubuň metbugat gullugy ispaniýaly hünärmen bilen dörtýyllyk şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi....