Usman Dembele IFFHS tarapyndan 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi

  • 18.12.2025 11:52
  • 3.7k+

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we «Pari Sen-Žermen» klubunyň hüjümçisi Usman Dembele Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) tarapyndan geçirilen ses berişligiň netijesi boýunça 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi.

Dembele bilermenleriň, hünärmenleriň we žurnalistleriň ses bermegi esasynda düzülen reýtingde birinji orny eýeledi. Fransuz wingeri jemi 153 utuk ýygnady.
Sanawda ikinji orny 97 utuk bilen Lamin Ýamal eýeledi, öňdebaryjylaryň üçlügini bolsa 62 utuk bilen Garri Keýn jemledi.
Utuk sany boýunça iň gowy futbolçylar:

  • 1.      Usman Dembele – 153 utuk
  • 2.      Lamin Ýamal – 97 utuk
  • 3.      Garri Keýn – 62 utuk
  • 4.      Erling Holand – 39 utuk
  • 5.      Witinýa – 37 utuk
  • 6.      Kilian Mbappe – 34 utuk
  • 7.      Aşraf Hakimi – 22 utuk
  • 8.      Pedri – 18 utuk
  • 9.      Rafinýa – 15 utuk
  • 10.  Koul Palmer – 14 utuk

2024/25 möwsüminde Dembele «PSŽ-niň» düzüminde ýokary derejeli we durnukly oýny görkezip, toparyň esasy oýunçylarynyň biri boldy. Ol kluba UEFA-nyň Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanmaga kömek etdi, milli kubogyň oýunlarynda assistler we aýgytly gollar bilen tapawutlandy. Mundan başga-da, «PSŽ» ABŞ-da Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çykdy.
Şu ýyl Dembele «Altyn topuň» hem eýesi boldy. 


şu gün 09:11
594

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:41
3.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.8k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.4k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......