ÇL-nyň 1/8 finaly: Walwerde 3:0 «ManSiti», «PSŽ» Kwarasheliýanyň kömegi bilen «Çelsini» ýeňdi

  • 12.03.2026 11:16
  • 7.6k+

12-nji marta geçilýän gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň galan dört duşuşygy geçirildi. 

Bu oýunlarda «Real Madrid», «Pari Sen-Žermen» we «Budýo-Glimt» ýeňiş gazandy, «Baýer» bilen «Arsenal» deňme-deň oýnady.

Walwerdeniň het-trigi

Iň köp üns çeken duşuşykda «Real» şikes alan Kilian Mbappeniň we Rodrigonyň ýoklugynda «Mançester Sitini» kabul etdi. Emma esasy hüjümçileriň oýnamanlygy Madridli topar üçin böwet bolmady, çünki ýarym goragçy Federiko Walwerde olaryň öwezini artygy bilen doldy. Urugwaýly oýunçy eýýäm birinji ýarymda üç gol urup, het-trik etdi we toparyna uly artykmaçlyk getirdi.

Oýnuň ikinji ýarymynda myhmanlar has-da köp gol goýberip bilerdiler, emma derwezeban Janluiji Donnarumma Winisiusyň 11 metrlik urgusyny gaýtaryp, toparyny halas etdi.

Netije — 3:0.

Kwarasheliýa gireninden soňky öwrülişik

«Pari Sen-Žermen» öz meýdançasynda «Çelsini» 5:2 hasaby bilen ýeňdi. Oýnuň başynda toparlar gezekleşip iki gol saldylar: fransuz klubyndan Bredli Barkolýa we Usman Dembele, iňlis klubyndan bolsa Malo Gýusto we Enso Fernandes tapawutlandy.

Oýnuň gidişi 62-nji minutda Hwiça Kwarasheliýanyň meýdança girmegi bilen düýpgöter özgerdi. Gruziýaly futbolçy ilki Witinýa assist etdi, soňra bolsa özi iki gol urup, parižlilere ýeňiş getirdi.

Netije — 5:2.

Lewerkuzende deňlik

«Baýer» öz meýdançasynda londonly «Arsenaly» kabul etdi. Iňlis kluby myhmançylykda garaşylýan artykmaçlygy görkezip bilmedi. Duşuşygyň birinji ýarymy golsuz geçdi. Arakesmeden soňra öý eýeleri burçdan urulan topdan soň Robert Andrihiň goly bilen öňe saýlandylar.

«Arsenal» diňe oýnuň ahyrynda hasaby deňlemegi başardy: Kaý Hawers penaltini dürs ýerine ýetirdi.

Netije — 1:1.

Norwegiýaly klubyň ynamly ýeňşi

«Budýo-Glimt» öz meýdançasynda Portugaliýanyň «Sportingini» 3:0 hasaby bilen ýeňip, çärýek finala çykmak üçin gowy artykmaçlyk gazandy. Ýeňijileriň düzüminde Sondre Fet, Ube Blomberg we Kasper Hög dagy tapawutlandy. Hög üçin bu ÇL-nyň bu möwsümindäki bäşinji gol boldy.

Netije — 3:0.

  • Jogap oýunlary 18-nji we 19-njy marta geçilýän gije oýnalar
  • Çärýek finallar: 7–8 we 14–15-nji aprel.
  • Ýarym finallar: 28–29-njy aprel we 5–6-njy maý.
  • Final: 2026-njy ýylyň 30-njy maýynda Budapeştde geçiriler.

18.06.2026 10:36
4.6k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

16.06.2026 10:04
6k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

13.06.2026 12:33
5.6k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
5k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....