ÇL-iň 1/4 finaly: PSŽ ýene «Liwerpuldan» üstün çykdy, «Barselonanyň» ýoly Madridde kesildi

  • 15.04.2026 09:20
  • 8.3k+

Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň jogap duşuşyklarynyň netijeleri boýunça ýarym finalyň ilkinji gatnaşyjylary mälim boldy: PSŽ myhmançylykda «Liwerpuldan» üstün çykdy, Madridiň «Atletikosy» bolsa öz meýdançasynda «Barselonadan» utuldy, emma iki oýnuň jemi boýunça indiki tapgyra geçdi.

«Liwerpul» «Pari Sen-Žermen»

Liwerpuldaky oýun PSŽ-nyň peýdasyna 0:2 hasabynda tamamlandy. Iki gol urmagy başaran Usman Dembele duşuşygyň esasy gahrymany boldy.

Parižde geçirilen birinji oýunda-da PSŽ hut şu hasap bilen ýeňipdi. Şeýlelikde, fransuz kluby mersisaýdlylary umumy 4:0 hasaby bilen utdular.

Ýatlap geçsek, ýaryşyň geçen möwsüminde-de, ýöne 1/8 final tapgyrynda «Liwerpuly» hut parižli futbolçylar «ynjydypdy».

Indi Luis Enrikiniň şägirtleri ýarym finalda «Real Madrid» — «Bawariýa» jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar. Bu iki toparyň jogap oýny şu gije 12:00-da başlanar. Geçen hepde «Santýago Bernabeu» stadionynda geçen duşuşykda mýunhenli klub 2:1 ýeňipdi.

«Atletiko» — «Barselona»

Madridde «Atletiko» birinji oýundaky ýeňşinden (2:0) soň «Barselonany» kabul etdi.

Katalon toparyň futbolçylary ot ýaly bolup, oýnuň başynda alyp-ýoluo barýardylar we eýýäm 4-nji minutda, soňam 24-nji minutda gol salyp, umumy hasaby deňlediler, tapawutlananlar – Lamin Ýamal bilen Ferran Torres. Olar şonuň göni yzýany hatda üçünji gola-da juda ýakynladylar, emma derwezebanyň öňünde ýeke galan Fermin Lopesiň kelle bilen uran topuny Musso gaýtarmagy başardy. Şol pursatda derwezeban butsynyň aşagyndaky tikenleri bilen Lopesiň ýüzüni sypjyrdyp, ony erbet ýaralady.

Fermine lukmançylyk kömegi berilýänçä ara giren böwşeňlik Diego Simeoneniň şägirtlerine demini dürsemäge hem aýňalmaga maý berdi. 30-njy minutda oýun başlanan badyna olar garaşylmadyk ýagdaýda garşylykly hüjüme gitdiler, ol hem Ademola Lukmanyň goly bilen tamamlandy.

Ikinji ýarymda madridliler esasan goraga üns berdiler. «Barselonanyň» ýagdaýy halas etmek üçin eden synanyşyklary netije bermedi. Ferranyň uran ýene bir goly ofsaýd sebäpli hasaba alynmady. Oýnuň ahyrynda Erik Garsianyň iň soňky umyt foly üçin göni gyzyl kart bilen meýdandan kowulmagy katalonlaryň ýagdaýyny has-da kynlaşdyrdy.

Şeýlelikde, duşuşyk 1:2 hasaby bilen tamamlandy. «Atletiko» iki oýnuň netijesi boýunça (3:2) ýarym finala çykdy.

Simeoneniň topary soňky dokuz ýylda ilkinji gezek ýarym finala ýetdi. Indiki tapgyrda madridliler «Arsenal» — «Sporting» duşuşygynyň ýeňijisi bilen ýüzleşer. Bu garşydaşlygyň birinji oýny Lissabonda iňlis klubunyň peýdasyna 1:0 hasaby bilen tamamlanypdy. Jogap oýny şu gije Londonda sagat gije 12:00-da başlanar.


13.06.2026 12:33
5.6k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

10.06.2026 10:53
9.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
6.6k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

06.06.2026 10:24
6.4k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......