«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan şertnamanyň anyk möhletini aýan etmekden saklandy.
«Men diýseň tolgunýaryn. Elbetde, siz “Liwerpul” barada gowy bilýärsiňiz: onuň dünýäniň iň beýik klublarynyň biridiginden habaryňyz bar. “Liwerpulyň” ünsüňi çekmegi üçin kän bir sebäp agzap oturmak hem gerek däl. “Liwerpul” — bu “Liwerpuldyr”. Onuň atmosferasy, janköýerleri, klubuň özi, ýokary derejeli oýunçylara tälim bermek we kuboklar ugrunda göreşmek mümkinçiligi — meň pikirimçe, mundan has özüne çekiji zat bolup bilmez. Şuňa meňzeş ýene bir zady tapmak gaty kyn. Şunlukda, men işe başlamaga örän sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn» – diýip, Iraola klubuň metbugat gullugyna beren beýanatynda aýtdy.
Baskly hünärmen bu wezipede 2024-nji ýylyň tomsundan bäri «Liwerpulda» işlän Arne Slotuň ornuny çalyşdy. Niderlandly tälimçiniň ýolbaşçylygyndaky ilkinji möwsüminde klub Angliýanyň çempiony boldy we Iňlis ligasynyň kubogynyň finalyna ýetdi. Ýöne ondan soňky möwsümiň netijelerine görä, topar Angliýanyň Premýer-ligasynda bäşinji orny eýeledi, Angliýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda «Kristal Pelasdan» utuldy we Çempionlar ligasyndaky çykyşyny çärýek final tapgyrynda tamamlady.
Iraolanyň soňky işlän ýeri 2023-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk eden Angliýanyň «Bornmut» kluby boldy. Geçen möwsümde bu topar Angliýanyň çempionatynda altynjy orny eýelemegi başardy we öz taryhynda ilkinji gezek Ýewropa kuboklaryna gatnaşmaga hukuk gazanyp, Ýewropa ligasynyň esasy tapgyryna ýollanma aldy.
Ozal Iraola Kipriň AEK, Ispaniýanyň «Mirandes» we «Raýo Walýekano» klublarynda hem işläpdi. Onuň ýolbaşçylygynda AEK topary Kipriň Superkubogynyň eýesi boldy.
«Liwerpul» kluby 1892-nji ýylda esaslandyryldy. Ol Angliýanyň iň köp baýrak gazanan klublarynyň biridir. Topar 20 gezek ýurduň çempiony boldy, sekiz gezek Angliýanyň Kubogyny, on gezek Liga kubogyny we 16 gezek Angliýanyň Superkubogyny eýeledi. Mundan başga-da, klub alty gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy, üç gezek Ýewropa ligasynda we dört gezek UEFA-nyň Superkubogynda ýeňiş gazandy.