Luis Enrike möwsümiň iň gowy tälimçisi boldy

  • 17.12.2025 10:02
  • 1.8k+

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» klubuna ýolbaşçylyk edýän ispaniýaly hünärmen Luis Enrike The Best FIFA Football Awards dabarasynda 2024/25 möwsüminiň iň gowy tälimçisi diýlip atlandyryldy. Bu barada Dohada geçirilen dabarada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) yglan etdi.

Ispaniýaly hünärmenden başga-da, baýrak üçin ýene alty tälimçi dalaş etdi: Hawýer Agirre (Meksikanyň milli ýygyndysy), Mikel Arteta («Arsenal»), Hans-Diter Flik («Barselona»), Enso Mareska («Çelsi»), Roberto Martines (Portugaliýanyň milli ýygyndysy) we Arne Slot («Liwerpul»).
Zenan futbolynda iň gowy tälimçi diýlip Argentinanyň milli ýygyndysy bilen işleýän niderlandly Sarina Wigman ykrar edildi.
2024-nji ýylda erkekleriň arasynda baýragyň öňki eýesi Madridiň «Realyna» ýolbaşçylyk eden Karlo Ançelotti bolupdy. 


şu gün 09:11
594

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:41
3.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.8k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.4k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......