ÇL: «Budýo-Glimt» ertekisi tamamlandy, «Real» «Sitini» gaýtardy, PSŽ bolsa KDÇ üçin aryny aldy

  • 18.03.2026 11:32
  • 8.5k+

18-nji marta geçilen gije Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykan ilkinji dört topar belli boldy. Geçen oýunlara gysgaça syn bersek:

«Budýo-Glimtiň» ertekisi Lissabonda tamamlandy

Norwegiýanyň «Budýo-Glimt» topary ýaryşyň esasy açyşy hasaplanylýardy — topar kyn ýoly geçip, hatda «Interi» hem ýaryşdan gaýtarmagy başarypdy. Emma Lissabonda bu sýužet garaşylmadyk ýagdaýda we dowamsyz tamamlandy.

Birinji duşuşykda gazanylan 3:0 hasabyndaky ýeňişden soň, «Budýonyň» uly mümkinçiligi bar ýaly göründi. Emma «Sporting» ähli zady üýtgetdi. Lissabon topary Çempionlar ligasynyň taryhynda birinji duşuşykdan soň üç ýa-da ondan köp gol tapawudy bilen yza galyp, hasaby öz peýdasyna öwürmegi başaran bary-ýogy bäşinji topar boldy.

Esasy wagtda portugallar üç gol geçirdi, goşmaça wagtda bolsa hasaby 5:0-a ýetirip, garşydaşyny uly hasap bilen utdy.

Norwegiýa klubunyň derwezebany Nikita Haýkin bir möwsümde edilen seýwleriň sany boýunça Çempionlar ligasynyň rekordyny goýdy. Ol oýna 58 seýw bilen başlapdy. Iki gezek topy yzyna gaýtaran russiýaly derwezeban, 2021/22 möwsüminde «Realyň» düzüminde 59 seýw eden Tibo Kurtuanyň rekordyny täzeledi.

Winisius oýnuň netijesini kesgitledi we ýene-de münberdäkileri öjükdirdi

Madridde bolan 5:1 hasabyndaky uly ýeňlişden soň, Pep Gwardiolanyň muşdaklary «Mançester Sitiden» uly edermenlige garaşypdy. «ManSiti» başdan ýitirilen pursatlaryň öwezini dolmaga synanyşdy, emma şowuna bolmady: oýnuň 20-nji minutynda Bernardu Silwa derweze çyzygynda eli bilen oýnandygy üçin gyzyl kart aldy, Winisius Žunior bolsa penalti urgusyny üstünlikli ýerine ýetirdi. Braziliýaly oýunçy bu goly garşydaşyň janköýerleriniň öňünde ýaňsydyjy görnüşde baýram etdi.

Azlykda galan iňlis kluby kyn ýagdaýa düşse-de, gol urmagy başardy — Erling Holand tapawutlandy. Ýer eýeleri on adam bolup galandyklaryna garamazdan işjeň hüjüm etdi, ýöne «Real» berk goranyp, käwagt garşylykly hüjümlere geçdi we oýnuň ahyrynda ýene bir zarba urdy: Winisius ikinji goluny geçirdi – 2:1.

Bu Madridiň klubunyň bassyr üçünji gezek «ManSitini» Çempionlar ligasyndan gaýtarmagy boldy. Geçen möwsümde «Real» 1/8 finala çykmak ugrundaky saýlama duşuşyklarynda «Mançester Sitini» utupdy (3:1, 3:2), ondan öňki ýyl bolsa 1/4 finalda üstün çykypdy (3:3, 1:1; penalti boýunça 5:4).

«PSŽ» topary «Çelsini» ýene-de uly hasap bilen utdy

«PSŽ» bilen «Çelsiniň» arasyndaky duşuşyk gyzyklanmasyny çalt ýitirdi. Birinji oýunda 5:2 hasabynda ýeňiş gazanan parižliler öz öýlerinde-de 3:0 hasabynda üstün çykyp, artykmaçlygyny berkitdi. Gollary Hwiça Kwarasheliýa (6-njy minut), Bredli Barkola (15) we Senni Maýulýu (62) geçirdi.

«PSŽ» üçin bu ýeňiş diňe bir çärýek finala çykmak bolman, eýsem Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalynda «Çelsiden» utulmagynyň aryny almak boldy.

«Arsenal» «Baýer» bilen bolan meseläni arkaýyn çözdi

Birinji oýundaky 1:1 hasabyndaky deňlikden soň, «Arsenal» öz meýdançasynda 2:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy. Mikel Artetanyň topary duşuşygyň gidişine doly gözegçilik etdi we Ebereçi Eze hem-de Deklan Raýsyň tagallasy bilen iki gol urdy. Eger-de 71-nji minutda Kaý Hawersiň goly VAR tarapyndan ýatyrylmadyk bolsa, hasap has uly bolup bilerdi.

Çärýek finalda «Arsenal» eýýäm iň umytsyz ýagdaýlary hem öz peýdasyna öwrüp biljekdigini subut eden «Sporting» bilen duşuşar.


düýn 16:49
6.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.9k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
8.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
5.1k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....