17 sekuntda derbi-dagyn we nokautlar: Rouzi, Ngannu we Perri MVP ýaryşynda garşydaşlaryny ýeňdiler

  • 17.05.2026 23:54
  • 12k+

17-nji maýda garyşyk söweş sungaty boýunça MVP (Most Valuable Promotions) ligasynyň ilkinji ýaryşy geçirildi.

Agşamyň esasy wakasynda UFC-niň Şöhrat zalynyň agzasy we UFC-niň zenanlaryň arasynda ýeňil agramda öňki çempiony, amerikaly Ronda Rouzi öz watandaşy, Strikeforce titulynyň öňki dalaşgäri Jina Karano bilen duşuşdy.

Rouzä ýeňiş gazanmak üçin bary-ýogy 17 sekunt ýeterlik boldy.

Ol şowly teýkdaun amala aşyryp, derrew gol gaňryjy (armbar) usulyna geçdi. Karano boýun egmäge mejbur boldy.

Ronda Rouzi häzir 39 ýaşynda. Bu tutluşykdan soň onuň professional rekordy 13 ýeňiş (hemmesi möhletinden öň) we iki ýeňlişden ybaratdyr. Şeýle hem Rouzi dzýudo boýunça 2008-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň bürünç medalçysydyr. 43 ýaşly Jina Karano üçin bolsa, bu söweş 2009-njy ýylyň awgustyndan bäri MMA düzgünleri boýunça ilkinji çykyşy boldy. Onuň hasabynda indi ýedi ýeňiş we iki ýeňliş bar.

Maýk Perri vs Neýt Diaz

Ýaryşyň ähmiýeti boýunça ikinji tutluşygynda 77,3 kg çenli agramda ýene-de amerikaly söweşijiler duşuşdy: UFC-niň ýeňil agramdaky titulyň öňki dalaşgäri, 41 ýaşly Neýt Diaz we 34 ýaşly öňki UFC söweşijisi Maýk Perri.

Tutluşyk iki raunddan soň Perriniň ýeňşi bilen tamamlanyp, Maýk Diaza agyr şikesler ýetirdi.

Ikinji raunddan soň lukman Neýtiň ýüzündäki çuň kesigi bellige alyp, oňa söweşi dowam etdirmegi gadagan etdi.

2004-nji ýylda professional sporta ädim äden Neýt Diazyň hasabynda indi 21 ýeňiş we 14 ýeňliş bar. Söweş ýoluna 2014-nji ýylda başlan Maýk Perri bolsa öz rekordyny 15 ýeňşe we sekiz ýeňlişe çykardy.

Frensis Ngannu vs Filipe Lins

MVP ýaryşynyň üçünji esasy wakasynda UFC-niň agyr agramdaky öňki çempiony, kamerunly Frensis Ngannu we ýene bir öňki UFC söweşijisi, braziliýaly Filipe Lins oktagona çykdy. Tutluşyk birinji raundyň ahyrynda Ngannunyň garşydaşyny nokauta gidirmegi bilen tamamlandy.

"Ýyrtyjy" lakamy bilen tanalýan 39 ýaşly Ngannu üçin bu ýeňiş karýerasyndaky 19-njy ýeňiş boldy (18-si möhletinden öň).

Häzirki wagtda türgen MMA-da yzly-yzyna sekiz ýeňişli seriýasyny dowam etdirýär.

Öz gezeginde, Filipe Linsiň professional rekordy 18 ýeňşi (13-si möhletinden öň) we alty ýeňlişi öz içine alýar.


düýn 23:43
3.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.9k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......