Dani Karwahal 13 ýyldan soň «Real» bilen hoşlaşýar

  • 18.05.2026 21:08
  • 7.1k+

Çempionlar ligasynyň alty gezek ýeňijisi, ispaniýaly goragçy Dani Karwahal möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Realyndan» gider. Bu barada futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär.

Klub we futbolçy 2026-njy ýylyň tomsuna çenli niýetlenen şertnamanyň möhletini uzaltmazlyk kararyna geldi. Şenbe güni «Real» toparyň kapitanynyň şanyna dabaraly çäre gurar. Şol gün topar Ispaniýanyň çempionatynyň iň soňky tapgyrynyň çäginde Bilbaonyň «Atletik» toparyny kabul eder.

«Dani Karwahal — “Realyň” hem-de klubuň akademiýasynyň rowaýata öwrülen we nyşany bolan futbolçy. Onuň biziň söýgüli we unudylmaz Alfredo Di Stefano bilen bilelikde “Sýudad Real Madridiň” ilkinji daşyny goýan pursatyndaky suraty bütin madridlileriň ýüreginde we klubumyzyň taryhynda hemişelik galar. Karwahal elmydama “Realyň” gymmatlyklaryny nusgalyk derejede görkezip geldi. Klub hemişe onuň öýüdi we şeýle bolmagynda-da galar» — diýip, «Realyň» prezidenti Florentino Peres belledi.

Karwahal «Realyň» öz ýetişdiren oýunçysy bolup, ol 2013-nji ýylyň tomsundan bäri klubuň esasy düzüminde çykyş edip gelýär. Ol häzire çenli toparyň düzüminde jemi 450 oýna gatnaşyp, 14 gol geçirdi. Madridiň topary bilen bilelikde alty gezek Çempionlar ligasynyň, dört gezek Ispaniýanyň çempionatynyň, bäş gezek Klublaýyn dünýä çempionatynyň, bäş gezek UEFA-nyň Superkubogynyň, iki gezek Ispaniýanyň Kubogynyň we dört gezek ýurduň Superkubogynyň eýesi boldy.

Şeýle-de, onuň hasabynda Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 52 oýun we bir gol bolup, ol milli topar bilen 2024-nji ýylda Ýewropanyň çempiony we 2022/23 möwsüminde Milletler ligasynyň ýeňijisi boldy.

Şu möwsümde «Real» hiç hili kubok gazanyp bilmedi.


düýn 23:41
2.6k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.5k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.2k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......