Gimalaýda täze howply ýyrtyjy — möjek bilen itiň gibridi peýda boldy

  • şu gün 12:01
  • 6.9k+

Alymlar Gimalaýda täze bir ýyrtyjynyň — Gimalaý möjegi bilen sergezdan itiň gibridiniň (gatyşygynyň) peýda bolandygyny habar berdi.

Ýerli ýaşaýjylar bu haýwana «khipşang» diýip at berdi. Ladakh dilinde «khi» it, «şang» bolsa möjek diýmegi aňladýar.

Hünärmenler bu haýwanyň adamlar, öý mallary we seýrek duş gelýän möjekleriň populýasiýasy üçin uly howp salyp biljekdigini duýdurýar.

Gimalaý möjegi — Tibet düzlüginde we Gimalaýda ýaşaýan, çal möjegiň gadymy hem-de genetiki taýdan aýratyn ugrudyr. Bu haýwanlar belent daglyk ýerlerde ýaşamaga uýgunlaşan bolup, ýowuz howa şertlerine we kislorod ýetmezçiligine çydap bilýär.

Täze gibridleriň ýaýran esasy merkezleriniň biri Gimalaýyň günbataryndaky Ladakh sebiti boldy. Çaklamalara görä, ol ýerde birnäçe ýüz sany Gimalaý möjegi we 25 müňe golaý sergezdan it ýaşaýar. Itler sürülere birleşip, daglarda möjekleriň awlaýan şol bir awlarynyň yzyndan ylgaýar.

Snow Leopard Conservancy India Trust tebigaty goraýyş guramasynyň direktory Tsewang Namgail «New Scientist» neşirine beren maglumatynda khipşangyň itden uly, ýöne möjekden kiçidigini, sarymtyl-çäge reňki bilen tapawutlanýandygyny we adamdan gorkmaýandygyny aýtdy. Tebigatçy we režissýor Mohammad Imranyň sözlerine görä, bu gibrid möjegiň awçylyk häsiýetini we adamlara öwrenişen itleriň häsiýetini özünde jemleýär.

Hünärmenler khipşanglaryň eýýäm obalara girip, öý mallaryna we adamlara topulyp başlandygyny belleýär. Gözlegçileriň çaklamalaryna görä, soňky bäş ýylyň dowamynda Hindistanyň Ladakh sebitinde şeýle haýwanlaryň 80-e golaýy peýda boldy.

Şeýle-de, alymlar itler bilen gatyşmagyň netijesinde arassa ganly Gimalaý möjekleriniň kem-kemden ýitip gitmeginden gorkýar.


düýn 14:53
10k+

Baltika deňzinde halas edilen läheň Timmi Daniýanyň kenarlarynda öli tapyldy

Belli örküçli läheň Timminiň (Houp hem diýilýär) läşi Daniýanyň Anholt adasynyň kenarynda tapyldy diýip, «Der Spiegel» neşiri Daniýanyň Daşky gurşawy goramak agentligine salgylanyp habar berýär....

düýn 12:00
2.4k+

Sankt-Peterburgda rekord derejede gülleriň gatnaşmagynda XIV Çigildem festiwaly geçirilýär

Ýelagin adasynda ýerleşen Kirow adyndaky Merkezi medeni we dynç alyş seýilgähinde XIV Çigildem festiwaly dowam edýär. Bu ýerde şu ýyl rekord derejede — 226 müňden gowrak — çigildem düýpleri ekildi....

17.05.2026 15:31
2.5k+

Alymlar tebigatda gezelenç etmek bilen bagt duýgusynyň arasynda baglanyşygyň bardygyny tassykladylar

Halkara alymlar topary tebigata yzygiderli çykmagyň durmuşdan kanagatlanmak duýgusynyň ýokarlanmagyna we özüňi gowy duýmaklyga gönüden-göni goşant goşýandygyny anyklady....

15.05.2026 19:10
12k+

Adam üçin kim has howply – adamyň özümi ýa-da jandarlar? Birinji ýer sizi geň galdyrar

«Our World in Data» gözleg taslamasynyň maglumatlaryna görä, keselleri göteriji we ýaýradyjy ownuk mör-möjekler adam üçin uly ýyrtyjylardan has uly howp döredýär....