Awstraliýada bahasy 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak ekzotik saçakçy ele salyndy

  • 08.06.2026 10:16
  • 7.7k+

Awstraliýanyň Täze Günorta Uels ştatynda howpsuzlyk gullugynyň işgärleri umumy bahasy takmynan 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak janly ekzotik saçakçyny ele saldylar. Bu barada The Guardian gazeti habar berýär.

Bu mör-möjekleri konfiskasiýa etmek çäreleri öý haýwanlarynyň bikanun söwdasyna garşy geçirilen giň gerimli operasiýanyň barşynda amala aşyryldy. Mör-möjekler söwda maksatly köpeltmek bilen meşgullanýan bir şahsyň ýanyndan tapyldy.

Alnan jandarlaryň arasynda «Dubia» görnüşli saçakçylar, şeýle-de dünýäde öz görnüşleriniň iň irileriniň biri hasaplanýan Madagaskaryň jyzyrdawuk saçakçylary bar. Neşiriň maglumatyna görä, bu mör-möjekler satmak, şol sanda süýrenijiler üçin iým hökmünde ulanmak maksady bilen ýygnalypdyr diýlip çaklanylýar.

Geçirilen bu operasiýa Awstraliýanyň taryhynda bikanun ekzotik oňurgasyz jandarlaryň ele salnan iň uly ýagdaýy boldy. Ýurda ekzotik saçakçylary getirmek kanunçylyk tarapyndan gadagan edilendir, şonuň üçin olary saklamak, köpeltmek we satmak hem bolmaýar.

Awstraliýanyň häkimiýet edaralary munuň ýaly jandarlaryň peýda bolmagynyň ýerli ekoulgama howp salyp biljekdigini belleýärler. Çünki şeýle saçakçylar aýdylyşy ýaly, keselleriň ýaýramagyna sebäp bolup, ýerli haýwanat dünýäsine we oba hojalygyna uly zyýan ýetirip bilerler.


26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

25.06.2026 14:38
6.7k+

Islandiýada iki ýyllyk arakesmeden soň gaýtadan läheň awlamak başlandy

Islandiýada täjirçilik maksatly läheň awunyň wagtlaýynça bes edilmeginden iki ýyl geçirip,  ýene-de iki sany läheň awlandy. RUV teleradiokompaniýasynyň habar bermegine görä, bu aw suw jandarlaryny tutmaga......

25.06.2026 10:41
3.6k+

Zalymlyga garşy gözellik: Nature and Humans surat bäsleşiginiň netijeleri

Ýylda geçirilýän üçünji Nature and Humans Photo Competition surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Oňa dünýäniň 49 ýurdundan we sebitinden suratçylar gatnaşdylar. Şu ýylky halkara eminler toparyna meşhur......

20.06.2026 20:25
12k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......