Günbatar Awstraliýany eýmenç gyzyl duman gaplady. Munuň sebäbi näme?
Awstraliýanyň Karnarwon şäheriniň golaýynda tozanly tupan sebäpli asman gyzyl reňke boýaldy. Bu barada "Fox Weather" neşiri habar berýär....
Awstraliýanyň Karnarwon şäheriniň golaýynda tozanly tupan sebäpli asman gyzyl reňke boýaldy. Bu barada "Fox Weather" neşiri habar berýär....
Awstraliýaly IT telekeçisi Pol Koningem standart bejergi netije bermänsoň, öz iti Rozi üçin synag mRNA sanjymyny işläp düzdi. Olar baradaky wakany The Australian gazeti gürrüň berdi. 2024-nji ýylda inženerçilik...
2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanow Awstraliýanyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Jon Wilýam Giring bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär...
5-nji aprelde Awstraliýanyň Wullongong şäherinde boks agşamy geçiriler. Onuň esasy duşuşygynda birinji orta agramda öňki dünýä çempiony, awstraliýaly Tim Szýu bilen ýeňilmedik alban boksçysy Denis Nurja duşuşar...
Awstraliýada Sidneýiň günbatarynda, ýaňy-ýakynda açylan «Western Sydney» halkara uçar menziliniň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze Bredfild şäheriniň esasy meýilnamasy tanyşdyryldy. Bu taslama ýurtda soňky 100 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda döredilen ilkinji iri şäher aglomerasiýasy bolar...
Awstraliýanyň mahabat standartlary boýunça geňeşi Toyota Hilux modeliniň täze wideosyny "kanuna garşy we howply hereketleri wagyz edýär" diýip hasaplady. CarExpert portalynyň habar bermegine görä, regulýatorlar wideonyň häzirki görnüşinde efire berilmegini bes etmegi talap etdiler...
Awstraliýaly alymlar bejergisi agyr bolan beýin çiş keselinden ejir çekýän çagalara niýetlenen rak keseliniň garşysyna sanjymy synag etmäge taýýarlanýarlar. Şeýle synag dünýäde ilkinji gezek geçirilýär. Bu barada waksinanyň kliniki däl barlaglary geçirilen Kwinslend ştatynyň uniwersiteti (UQ) mälim etdi diýip, TASS-yň habarlarynda aýdylýar...
Awstraliýada rekord derejedäki yssy howa höküm sürýär. Ýurtda 27-nji ýanwarda howanyň temperaturasynyň 50 gradusa golaýlandygy hasaba alyndy. Sky News teleýaýlymynyň habar bermegine görä, ýerli meteorologlar Wiktoriýa ştatynyň birnäçe ilatly nokatlarynda termometrleriň 48,9 gradusa çenli ýokarlanandygyny mälim etdiler...
Alymlar mundan 13–30 müň ýyl ozal Awstraliýada ýaşan äpet kengurularyň 250 kilograma ýetýän agramyna garamazdan, böküp bilendiklerini anykladylar. Deňeşdirmek üçin aýtsak, häzirki döwrüň iň uly gyzyl kengurularynyň agramy 90 kilogramdan geçmeýär...
Meta Awstraliýany 16 ýaşdan kiçi ýetginjeklere sosial torlary ulanmagy gadagan edýän dünýäde ilkinji kanuny gaýtadan gözden geçirmäge çagyrýar. Kompaniýa täze kanuna laýyklykda 544,000-den gowrak hasaby bloklady» diýip CNA habar berýär...
Alymlar Ýeriň iň gadymy derýasyny tapdylar. Live Science žurnalynyň maglumatyna görä, ol Awstraliýadaky Finke derýasy bolup çykdy. Arizona uniwersitetiniň geomorfology Wiktor Beýker bu derýa ulgamynyň ýaşynyň 300 bilen 400 million ýyl aralygyndadygyny, munuň bolsa onuň dinozawrlardan hem gadymydygyny aňladýandygyny aýdýar...
"Australian Open" ýaryşynyň çäklerinde baýrak gaznasy 1 million awstraliýa dollary (takmynan 668 000 dollar) bolan täze "1 Point Slam" görkezme ýaryşy geçirildi. Bu täsin ýaryşyň ýeňijisi 29 ýaşly höwesjeň tennisçi Jordan Smit boldy...
Awstraliýanyň tennis boýunça Açyk çempionaty 2026-njy ýylda ýaryşyň baýrak gaznasynyň möçberini mälim etdi. Şu ýyl umumy mukdar 74,9 mln dollar (111,5 mln Awstraliýa dollary) bolar. Geçen möwsüm bilen deňeşdirilende, ýaryşa gatnaşyjylara tölegler 16% ýokarlandy...
Halkara alymlar topary Awstraliýa häzirki zaman aborigenleriniň we papuaslaryň ata-babalarynyň takmynan 60 000 ýyl mundan ozal Günorta-Gündogar Aziýadan iki dürli göçüş ýoly arkaly gadymy Sahul yklymyna gelendigini anykladylar...
Blackstone amerikan maýa goýum gaznasy Uly Barýer rifiniň düzümine girýän Uitsandeý ulgamynyň iň uly adasyny – Gamilton adasyny satyn alýar. Şertnamanyň resmi mukdary görkezilmeýär, ýöne Awstraliýanyň ABC teleradiokompaniýasy maýa goýum gaznasynyň 1,2 mlrd dollar tölejekdigini habar berýär...
Awstraliýanyň düzgünleşdiriji edaralary ýol hereketiniň düzgünlerini bozýan sürüş elementleriniň görkezilmegi sebäpli, Toyota GR Yaris modeliniň täze mahabat wideosyny ýaýlymdan aýyrmak barada karar çykardy. Häkimiýetleriň pikirine görä, wideoda görkezilýän tilsimler ýurduň islendik ştatynda hukuk bozulmasy hökmünde hasaplanardy...
Awstraliýanyň Incat Tasmania gämi gurluşyk kompaniýasy tarapyndan gurlan we doly elektrik energiýasy bilen işleýän dünýäde iň uly gämi Tasmaniýanyň Hobart şäherinde ilkinji suw synaglaryny üstünlikli tamamlady...
Awstraliýada uzak ýaşan ýaşaýjylaryň iň uly ýygnanyşygy boldy: ýurduň 100 we ondan uly ýaşly 150 ýaşaýjysy baýramçylyk saçagynyň başynda duşuşdy. Olaryň umumy ýaşy 15 müň ýyldan geçdi. Bu dabara Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alyndy...
Awstraliýanyň gündogaryndaky Murgon şäherinde krokodilleriň ýitip giden toparynyň ýumurtgalarynyň ýurtda iň gadymy bölekleri tapyldy. Tapyndy alymlara bu haýwanlara we olaryň ýaşaýyş gurşawyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berer diýip, Täze Günorta Uels uniwersiteti habar berýär...
Awstraliýanyň Melburn şäherinde bir wagtyň özünde 374 sany wolynkaçy AC/DC-iň “It’s a Long Way to the Top” aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Öňki rekord bolgariýaly 333 sazanda degişli bolup, 2012-nji ýyldan bäri saklanyp gelýärdi diýip, APNews habar berýär...
Günbatar Awstraliýada barlagçylar kellesi naşyja “şahlyja” arylaryň täze görnüşini tapdylar. Bu görnüşe Megachile lucifer diýen geň at dakyldy. Bu açyşy Kýortin uniwersiteti yglan etdi. "Urkaçysynyň [Megachile lucifer] kellesinde diýseň kiçijik şahlary bar...
Awstraliýanyň hökümeti Solar Sharer Offer (SSO) atly maksatnamany işe girizmäge taýýarlanýar. Maksatnama gatnaşýan raýatlar her gün üç sagatlap Gün energiýasyndan mugt peýdalanyp bilerler. Bu mümkinçilik, hatda öýünde Gün paneli bolmadyk adamlar üçin hem elýeterli bolar...
Awstraliýanyň Uorton-Biç kenarynda 1916-njy ýylda – Birinji jahan urşunyň möwç alan döwründe esgerler tarapyndan ýazylan iki hatly çüýşe tapyldy. Bu barada UPI habar berýär. Çüýşäni Debra Braun we onuň gyzy kenary arassalap ýören wagty tapdy...
Awstraliýanyň Kwinslend ştatyndaky krokodilli Fisroý derýasy Olimpiada-2032-niň milli guramaçylyk komiteti tarapyndan ýeňil gaýykda we kanoede kürekleme boýunça ýaryşlaryň geçiriljek ýeri hökmünde tassyklandy. Awstraliýanyň ýaýlym korporasiýasynyň habar bermegine görä, ýaryşlary Rokgempton şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär...
Awstraliýanyň günbataryndaky Pilbara sebitinde demir-magdan şahtasyndan uzak bolmadyk ýerde ýanan jisim tapyldy. Deslapky maglumatlara görä, bu kosmos zibiliniň bölegi diýip, 9News teleýaýlymy habar berýär. Şahtanyň işgärleri ýolda bu jisimi görüp, derrew dessin gulluklary çagyrdy...
Günbatar Awstraliýanyň kenarlarynda okeanograf alymlar ylym üçin täze bolan iki deňiz jandaryny — garaňkyda şöhle saçýan fonar akulasy we ýarym-durulykrangy farfor kraby. Bu tapyndylar baryp 2022-nji ýylda Awstraliýanyň ylmy we amaly barlag guramasy (CSIRO) tarapyndan geçirilen ekspedisiýa wagtynda ýüze çykarylypdy, emma olaryň ylmy beýany diňe indi neşir edildi...
Awstraliýada äpet möý şekilli üýtgeşik gurluşykçy robot oýlanyp tapyldy. Crest Robotics we Earthbuilt Technology kompaniýalary tarapyndan döredilen, "Şarlotta" diýlip atlandyrylýan oýlap tapyş, takmynan, 200 inedördül metrlik jaýy 24 sagadyň içinde çap etmäge ukyplydyr diýip, ABC habar berýär...
Awstraliýanyň klimat gullugy global ýylamanyň netijeleri barada çaklamasyny hödürledi. Maglumatlara görä, 2050-nji ýyla çenli umman derejesiniň ýokarlanmagy ýurduň 1,5 million ýaşaýjysynyň janyny howp astyna goýup biler diýip, The Guardian habar berýär...
Awstraliýada hojalyk plastikasyny peýdaly ulanmagyň täze usulyny oýlap tapdylar. Edit Kouen uniwersitetinden (ECU) alymlar paketleri, çüýşeleri we beýleki plastik galyndylary ýol örtügi üçin bitum garyndysyna goşmagy teklip etdi...
Awstraliýanyň Underwater Awards Australasia 2025 suwasty foto bäsleşiginiň emin agzalary ýeňijileriň suratlaryny çap etdi. Absolýut ýeňiji suratçy Jeýms Ferrara boldy. Ol Antarktidadaky deňiz gaplaňyny surata aldy...
Kanberranyň (Awstraliýanyň paýtagty) etegindäki Jerrabomberranyň sebit sport toplumynyň futbol meýdançasy bir aýa çenli möhlet bilen ýapyldy. Munuň sebäbi meýdançanyň merkezi çyzygynda seýrek we goralýan guşuň – çulugyň ýumurtga guzlamagy boldy diýip, 9News neşiri habar berýär...
Kwinslend uniwersitetiniň ýanyndaky Freýzer institutynyň barlaghanasyndan awstraliýaly alymlar ilkinji gezek doly derejede adam derisiniň gurluşyny gaýtalaýan deri nusgalaryny ösdürip ýetişdirdi. Bu barada ABC ýaýlym korporasiýasy habar berdi...
Tasmaniýanyň günortasyndaky taryhy Keýp-Bruni maýagynda 120 ýyldan gowrak ýaşy bolan içi hatly aýna çüýşe tapyldy. Bu barada The Guardian habar berýär. Tapyndyny hudožnik we reňkleýji Braýan Berford kenarýaka desgasynyň adaty tehniki hyzmaty wagtynda ýüze çykardy...
Awstraliýa soňky kyrk ýylyň içinde iň güýçli gar ýagdy. Täze Günorta Uels ştatynyň demirgazyk etraplaryna 40 santimetre çenli gar düşdi, bu 1980-nji ýyllaryň ortalaryndan bäri iň köp ygal boldy. Gar Armideýl we Gaýra şäherlerine ýagdy...
Kwinslend tropiklerinde, Aterton belentliginde Awstraliýanyň çäginde belli bolan mör-möjekleriň iň uly we iň agyr görnüşi ýüze çykaryldy. The Guardian neşiriniň habar bermegine görä, taýajyk görnüşlileriň täze görnüşine Acrophylla alta ady berildi...
Gilmour Space Technologies kompaniýasy Awstraliýanyň çäginden ýarym asyryň içinde ilkinji orbital uçuşy amala aşyrdy, ýöne missiýa şowsuz tamamlandy. Eris raketasy 29-njy iýulda ýerli wagt bilen 8:35-de Kwinslenddäki Bouen kosmodromyndan uçdy...
Alymlar Awstraliýanyň Nallarbor düzlüginden içinde ozal görülmedik jandarlaryň mumiýalanan galyndylary bolan täsin gowaklary tapdylar. Tapyndylaryň arasynda gadymy möýler, saçakçylar, kyrkaýaklar we arylaryň dünýäde ilkinji asla gözsüz görnüşi bar...
Awstraliýaly bogong kebelekleri ( Agrotis infusa ) ýyldyzlardan we Ýeriň magnit meýdanyndan ugur alyp, müň kilometre çenli aralygy geçmäge ukyply. Bu Awstraliýanyň Milli uniwersitetiniň, Günorta Awstraliýa uniwersitetiniň we beýleki barlag merkezleriniň hünärmenleriniň gelen netijesidir...
Awstraliýanyň Melburn şäherindäki Piter Doerti adyndaky Ýokanç we immunitet institutynyň alymlary ak gan öýjükleriniň (leýkositleriň) içinde adamyň immunýetmezçilik wirusyny (AIW) ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän usuly işläp düzdüler...
Zäherli suwotylaryň aşa köpelmegi Günorta Awstraliýada akulalaryň adamlara hüjüm etmeginiň hem-de kenara zyňylmagynyň sebäbi hökmünde görkezilýär diýip, news.com.au habar berýär. Ştatyň wise-premýeri Sýuzen Klouzyň sözlerine görä, bu suwotylaryň aşa köpelmegi akulalary gorkuzýar, şeýle-de olaryň zäherlenmegine sebäp bolýar...