Awstraliýada Olimpiada-2032 üçin krokodilli derýa saýlandy

  • 24.10.2025 16:52
  • 7.9k+

Awstraliýanyň Kwinslend ştatyndaky krokodilli Fisroý derýasy Olimpiada-2032-niň milli guramaçylyk komiteti tarapyndan ýeňil gaýykda we kanoede kürekleme boýunça ýaryşlaryň geçiriljek ýeri hökmünde tassyklandy. Awstraliýanyň ýaýlym korporasiýasynyň habar bermegine görä, ýaryşlary Rokgempton şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.

Çözgüt sport federasiýalarynyň wekilleriniň arasynda howsala döretdi. Awstraliýanyň kürekçiler assosiasiýasynyň ýerine ýetiriji müdiri Sara Kuk derýada çeşmeleriň köpdügini we munuň halkara ülňülerine laýyk gelmeýändigini, krokodilleriň bolmagynyň bolsa daşary ýurt türgenlerini gorkuzyp biljekdigini belledi.
Bu ýagdaýy taslamanyň entek Halkara kürek sporty federasiýasy (World Rowing) we Halkara olimpiýa komiteti bilen ylalaşylmandygy hem kynlaşdyrýar. Bu guramalar bilen maslahatlar heniz geçirilmedi.
Şol bir wagtyň özünde sportuň kürek görnüşleriniň mirasy boýunça konsultatiw komitet CQ32 Fisroýyň Oýunlaryň Infrastruktura we koordinasiýa boýunça garaşsyz edarasy (GIICA) tarapyndan geçirilen deslapky barlaglardan üstünlikli geçendigini habar berdi. Kwinslendiň premýer-ministri Dewid Krisafulli sebitiň häkimiýetiniň krokodilleriň sanyny gözegçilikde saklajakdygyny aýtdy.
Häzir Fisroý derýasy türgenleşikler we kürekleme boýunça uniwersitet ýaryşlary üçin ulanylýar. 


10.03.2026 18:35
4.2k+

Tim Szýu Awstraliýadaky ýaryşda ýeňilmezek Denis Nurja bilen urşar

5-nji aprelde Awstraliýanyň Wullongong şäherinde boks agşamy geçiriler. Onuň esasy duşuşygynda birinji orta agramda öňki dünýä çempiony, awstraliýaly Tim Szýu bilen ýeňilmedik alban boksçysy Denis Nurja duşuşar...

03.03.2026 11:20
3.3k+

Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy

Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy...

23.02.2026 10:07
1.7k+

Werona kolizeýinde 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Ýapylyş dabarasy 22-nji fewralda Werona şäherindäki gadymy rim stadionynda (Arena di Werona biziň eramyzyň 30-njy ýyly töweregi gurlupdyr we hatda Rim kolizeýinden hem gadymydyr) geçirildi...

23.02.2026 02:06
4.4k+

ABŞ-nyň hokkeýçileri 1980-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Olimpiýa oýunlaryny utdylar

ABŞ-nyň erkek hokkeý ýygyndysy Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy. Final duşuşykda topar 2:1 hasaby bilen Kanadanyň milli ýygyndysyndan üstün çykdy.  Oýnuň ykbaly «üçe üç» görnüşindäki owertaýmda (goşmaça wagtda) kesgitlenildi...