Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär.
Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, ýanwar aýynda HOK-yň prezidenti Kristi Kowentri kibersport komitetine hat iberip, onda komitetiň bu sportuň ösüşine bolan garaýyşlaryna täzeden seretmegini teklip etdi we kibersportuň mundan beýläkki ösüşi üçin jogapkärçiligi öz üstüne alýandygyny belledi.
HOK-yň öňki prezidenti Tomas Bahyň döwründe gurama kibersport boýunça öz ýaryşlaryny geçiripdi we geljekde ony Olimpiýa oýunlaryna girizmek mümkinçiligini öwrenipdi. Neşiriň habar bermegine görä, Kowentri sportuň häzirki bar bolan görnüşlerine has uly ähmiýet berýär.
HOK 2024-nji ýylda ilkinji Olimpiýa kibersport oýunlarynyň döredilendigini we olaryň 2025-nji ýylda Saud Arabystanynda geçirilmelidigini yglan edipdi, soňra ýaryş 2027-nji ýyla geçirildi. Oktýabr aýynda bolsa HOK-yň Saud Arabystany bilen baglaşylan şertnamany ýatyryp, bäsleşigi geçirmekden düýbünden ýüz öwrendigi mälim boldy.
2023-nji ýylyň iýun aýynda Singapurda taryhda ilkinji gezek Olimpiýa kibersport hepdeligi geçirildi. Oňa 500 müňden gowrak adam gatnaşyp, bäsleşigiň ýaýlyma berilmegine 6 million adam tomaşa etdi.