Werona kolizeýinde 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

  • 23.02.2026 10:07
  • 1.8k+

Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Ýapylyş dabarasy 22-nji fewralda Werona şäherindäki gadymy rim stadionynda (Arena di Werona biziň eramyzyň 30-njy ýyly töweregi gurlupdyr we hatda Rim kolizeýinden hem gadymydyr) geçirildi.

Dabaraly çäre italiýan kompozitory Juzeppe Werdiniň «Trawiata» operasyndan bir bölek bilen başlandy, soňra tomaşaçylara «Italiýanyň ýüzi» atly sahna hödürlendi. Onuň dowamynda amfiteatrda ýurduň adaty ýaşaýjylary görkezildi, soňra bolsa arena Italiýanyň baýdagy çykaryldy. Ony ýaryşlary kabul eden şäherleriň hormatly ýaşaýjylary göterdi. Italiýanyň Olimpiýa baýrakçylary milli senany ýerine ýetireninden soň, döwlet baýdagy ýokaryk galdyryldy.


Soňra türgenleriň ýörişi boldy. Meşhur italýan sazlarynyň astynda meýdança ilki milli ýygyndy toparlaryň baýdak göterijileri, soňra bolsa Oýunlara gatnaşyjylar çykdy. Şundan soň dabaranyň horeografik bölegi başlandy. Ol Danteniň «Ylahy komediýasyndan» ylhamlanyp, durmuş synaglaryndan geçmäge bagyşlandy.


Dabaranyň dowamynda zenanlaryň we erkekleriň arasynda lyža marafonynyň ýeňijileri sylaglandy. Norwegiýaly Ýohannes Klebo özüniň rekord 11-nji altyn Olimpiýa medalyny aldy.


Soňra Olimpiýa senasy ýaňlandy we Olimpiýa hereketiniň baýdagy indiki gyşky Oýunlaryň eýesi bolan Fransiýa gowşuryldy.

Dabarada Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) prezidenti Kirsti Kowentri we guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçysy Jowanni Malago çykyş etdi. HOK-yň prezidenti 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlaryny ýapyk diýip yglan etdi.
Dabaranyň jemleýji pursaty Lýudowiko Einaudiniň «Experience» eseriniň ýerine ýetirilmegi boldy. Bu sazyň astynda Milan we Kortina-d’Ampesso şäherlerinde Olimpiýa alawy söndürildi.


düýn 20:10
5k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

20.06.2026 20:28
15k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......