2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

  • şu gün 10:20
  • 799

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi.

Olimpiadanyň nyşanynda dürli galyňlykdaky we bir ujy çala gyzyl öwüşginli sekiz sany gök çyzyk şekillendirilipdir. Olar bir wagtda hem dagy, hem-de Gün şöhlelerini emele getirýär.

Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanynda bolsa 16 sany çyzyk çepe we saga tarap ýaýrap, dagyň relýefini döredýär. Netijede, bu iki simwol biri-biri bilen utgaşyp, inedördüli emele getirýär.

Guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçysy Edgar Grospironyň düşündirişine görä, bu iki nyşan bilelikde Fransiýanyň Alp daglaryny we olaryň ýagtysyny alamatlandyryp, bir bitewüligi emele getirýär. Olar bilelikde Olimpiýa we Paralimpiýa hereketlerine deň derejede orun, güýç we görnüş bermäge ygrarlylygy görkezýär.

Komitet nyşanlarda daglyk sebitleriň iki sany elementinden — ýagtylykdan we buzdan ylham alnan reňk öwüşginleriniň ulanylandygyny düşündirdi. Gijeki gök we dury gök reňkler beýikligi, çuňlugy, durnuklylygy hem-de gözýetimi ýada salýar. Gyzyl we gülgüne Alp şöhlelenmeleri bolsa Gün şöhleleriniň dag depelerini gyzdyryp, tebigaty janlandyrýan pursatlaryny görkezýär.

2024-nji ýylyň iýulynda Halkara olimpiýa komiteti 2030-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek hukugyny Fransiýa beripdi. Bu ýurduň arzasy ýeke-täkdi. 2034-nji ýylyň gyşky Olimpiadasy barada aýtsak, häzirlikçe bu hukugy Amerikanyň Solt-Leýk-Siti şäheri aldy. Onuň hem arzasy ýeke-täk arza boldy. Netijede, bu şäher ikinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň paýtagty bolup biler: bu ýerde oýunlar mundan ozal 2002-nji ýylda geçirilipdi.


18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

02.06.2026 12:06
10k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

14.05.2026 10:38
3.4k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......