«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

  • 14.05.2026 10:38
  • 3.3k+

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy.

29-njy tapgyryň duşuşygynda «PSŽ» «Lans» toparyny 2:0 hasabynda utdy. Gollary Hwiça Kwarasheliýa (29-njy minut) we Ibrahim Mbaýe (90+3) geçirdi.

Çempionatyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda «PSŽ-niň» hasabynda 76 utuk bar. Ikinji ýerde gelýän «Lans» (67 utuk) indi onuň yzyndan ýetip bilmeýär.

«Lans» bilen duşuşyk aslynda 11-nji aprelde geçirilmelidi, ýöne «PSŽ»-niň Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna gatnaşmagy sebäpli oýnuň wagty üýtgedildi.

«PSŽ» yzygiderli bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy. Parižliler üçin bu taryhda 14-nji çempionlyk bolup, ol absolýut rekorddyr. Bu reýtingde ikinji ýerde «Sent-Etýen» (10 titul), üçünji ýerde bolsa «Marsel» (9 titul) durýar.

Indiki tapgyrda «PSŽ» «Pariž» topary bilen duşuşar, «Lans» bolsa «Lion» bilen oýnar. Liga 1-iň 34-nji tapgyrynyň ähli duşuşyklary 17-nji maýda geçiriler.

Şeýle hem, «PSŽ» 30-njy maýda Çempionlar ligasynyň finalynda oýnar. Aýgytlaýjy duşuşyk Budapeştdäki «Puşkaş Arena» stadionynda bolar.


02.06.2026 12:06
10k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

01.06.2026 07:30
3.8k+

«PSŽ» we «Aston Willa» 12-nji awgustda UEFA-nyň Superkubogy ugrunda bäsleşer

Çempionlar ligasynyň ýeňijisi «Pari Sen-Žermeniň» we Ýewropa ligasynyň çempiony «Aston Willanyň» arasyndaky UEFA-nyň Superkubogy — 2026 ugrundaky duşuşyk 12-nji awgustda geçiriler. Oýun Awstriýanyň Zalsburg......

31.05.2026 03:30
9.4k+

«PSŽ» bassyr ikinji ýyl Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» topary yzygiderli ikinji möwsüm UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Ol ýaryşyň finalynda Angliýanyň «Arsenal» klubuny utdy. Aýgytlaýjy duşuşyk Budapeşt şäheriniň «Puşkaş......

13.05.2026 09:28
3.7k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......