Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer.
Täze maksatnama barada HOK-nyň türgenler komissiýasynyň başlygy Pau Gasol Lozannada guramanyň sessiýasy wagtynda yglan etdi.
«Olimpiýaçylar üçin täze grant barada yglan edýändigime buýsanýaryn. 2026-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlaryndan başlap, oýunlara gatnaşan her bir türgen 10 müň dollarlyk granta dalaş edip biler. Munuň ýaly zat ozal bolmandy, munuň biziň hereketimizi güýçlendirjekdigine ynanýaryn» — diýip, Gasol beýan etdi.
Onuň sözlerine görä, maksatnama diňe baýrak eýeleri üçin däl, eýsem Olimpiýa oýunlaryna gatnaşanlaryň hemmesi üçin niýetlenendir.
Grant almak hukugyna dopinge garşy düzgünleri, HOK-nyň etika kodeksini we Olimpiýa hartiýasyny bozmaýan türgenler eýe bolarlar.