Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy

  • 03.03.2026 11:20
  • 3.3k+

Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär.
1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy. Medalyň ýüzünde elinde Ýer şaryny saklap duran Zews şekillendirilipdir, şaryň depesinde bolsa elinde zeýtun şahasy bolan ýeňiş zenan hudaýy Nika bar. Arka tarapynda Akropol we Parfenon bolup, grek dilinde «Halkara Olimpiýa oýunlary — Afina 1896» diýen ýazgy oýulyp ýazylypdyr.

Bu medalyň daniýaly gimnastikaçy Wiggo Ýensene degişlidigi bellenilýär. Auksion öýüniň maglumatlaryna görä, ol agyr atletika boýunça ýurduň ilkinji olimpiýa çempiony boldy. Emma kompaniýa baýragyň hut şu görkeziji üçin berlendigi barada anyk subutnamalary getirmedi.
Ilkinji Olimpiada diňe erkekler — 14 ýurtdan 241 türgen gatnaşdy. 1896-njy ýylyň oýunlarynda göreş, welosport, ýeňil we agyr atletika, gylyçlaşma, suwda ýüzmek, sport gimnastikasy, ok atmak we tennis görkezildi.


06.05.2026 23:46
1.8k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

23.02.2026 10:07
1.8k+

Werona kolizeýinde 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Ýapylyş dabarasy 22-nji fewralda Werona şäherindäki gadymy rim stadionynda (Arena di Werona biziň eramyzyň 30-njy ýyly töweregi gurlupdyr we hatda Rim kolizeýinden hem gadymydyr) geçirildi...

23.02.2026 02:06
4.5k+

ABŞ-nyň hokkeýçileri 1980-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Olimpiýa oýunlaryny utdylar

ABŞ-nyň erkek hokkeý ýygyndysy Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy. Final duşuşykda topar 2:1 hasaby bilen Kanadanyň milli ýygyndysyndan üstün çykdy.  Oýnuň ykbaly «üçe üç» görnüşindäki owertaýmda (goşmaça wagtda) kesgitlenildi...