Tim Szýu Awstraliýadaky ýaryşda ýeňilmezek Denis Nurja bilen urşar

  • 10.03.2026 18:35
  • 4.5k+

5-nji aprelde Awstraliýanyň Wullongong şäherinde boks agşamy geçiriler. Onuň esasy duşuşygynda birinji orta agramda öňki dünýä çempiony, awstraliýaly Tim Szýu bilen ýeňilmedik alban boksçysy Denis Nurja duşuşar.

Söweş orta agramda — 72,6 kilograma çenli derejede bolar.

Tim Szýu 31 ýaşynda. Onuň professional ringdäki statistikasynda 26 ýeňiş we 3 ýeňliş bolup, ýeňişleriniň 18-isi nokaut bilen gazanyldy. Ol professional boksda 2016-njy ýylda ilkinji gezek çykyş etdi. 2023-nji ýylda awstraliýaly türgen birinji orta agramda dünýä çempiony titulyna mynasyp boldy. Szýu özüniň öňki söweşini dekabr aýynda geçiripdi. Şonda ol amerikaly Entoni Welaskesi eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Onuň garşydaşy Nurjanyň hasabynda bolsa 20 ýeňiş bolup, ýeňişleriniň dokuzysyny nokaut bilen gazandy. Ol bir gezek hem ýeňlip görmedi.


15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....