Amerikan maýa goýum gaznasy Awstraliýadan Gamilton adasyny 1,2 mlrd dollara satyn alýar

  • 25.12.2025 16:47
  • 10k+

Blackstone amerikan maýa goýum gaznasy Uly Barýer rifiniň düzümine girýän Uitsandeý ulgamynyň iň uly adasyny – Gamilton adasyny satyn alýar. Şertnamanyň resmi mukdary görkezilmeýär, ýöne Awstraliýanyň ABC teleradiokompaniýasy maýa goýum gaznasynyň 1,2 mlrd dollar tölejekdigini habar berýär.

Şertnamany ýapmak üçin adanyň degişli bolan Kwinslend ştatynyň ýolbaşçylarynyň tassyklamagy gerek.
ABC bilen söhbetdeş bolan bilermenler şertnamanyň çak edilýän bahasyny örän ýokary hasaplaýar we adada emläk bahasynyň ýokarlanmagyna garaşýar.
Gamilton Kwinslend kenaryndan, takmynan, 12 km uzaklykda ýerleşýär we 1130 gektar töweregi meýdany eýeleýär. Onuň ady arhipelagy kartalaşdyrmak bilen meşgullanan 1866-1868-nji ýyllaryň deňiz ekspedisiýasyna gatnaşyjylaryň biriniň ady bilen baglanyşykly diýlip hasaplanýar. 1975-nji ýylda adany awstraliýaly telekeçi Kit Uilýams satyn aldy we ony ilkibaşda oba hojalygy üçin ulandy, soňra dynç alyş zolagyna öwürdi. 1980-nji ýyllardan bäri Gamilton meşhur syýahatçylyk ugry boldy.
2003-nji ýylda ada çakyr öndüriji Robert Outli tarapyndan, takmynan, 300 mln dollara satyn alyndy. Häzirki günde Gamiltonda bäş sany ýokary derejeli otel, 20-den gowrak restoran we barlar, dükanlar, golf meýdançasy, gämiler üçin duralga we howa menzili bar. Adanyň hemişelik ilaty 2 müň adama barabar.


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......