Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

  • düýn 15:10
  • 1.1k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň döredilmegine bökdençlik bolup biljekdigi zerarly şeýle netijä gelnendigini mälim etdi.

Maksatnamanyň çäginde ABŞ-nyň Söwda ministrligi kwant hasaplamalarynyň dürli ugurlary boýunça işleýän dokuz sany kompaniýa 2 milliard dollardan gowrak serişde bölüp bermegi meýilleşdirýär. Gatnaşyjylaryň arasynda IBM, GlobalFoundries, Atom Computing, D-Wave, PsiQuantum ýaly iri kompaniýalar bar.

Bu serişdeleri almagyň bir şerti — döwlete kompaniýanyň dolandyryş hukugy bolmadyk azlyk paýyny (minoritar paýyny) bermekdir. Google-yň ýüz öwürmegine bu şertleriň haýsynyň sebäp bolandygy takyk aýdylmaýar.

Kompaniýa düýpli ylmy barlaglary goldamak, şeýle hem milli barlaghanalar we uniwersitetler bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly döwlet edaralary bilen bilelikdäki işlerini dowam etdirjekdigini bildirdi.


08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.3k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.2k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......