UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

  • 31.05.2026 13:10
  • 8.2k+

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters agentligi habar berýär.

Pikirsoraşma ýanwar aýyndan başlap mart aýynyň ahyryna çenli dünýäde UBS-niň 307 müşderisiniň arasynda geçirildi. Bu barlaga gatnaşan maşgalalaryň ortaça baýlygy 2,7 ​​milliard dollara deňdi.

Bankyň maglumatlaryna görä, maşgala ofisleriniň takmynan üçden iki bölegi dollara ätiýaçlyk walýuta hökmünde ynamyň indiki ýylda gowşamagyna garaşýar. Maýadarlaryň köpüsi aktiwleriniň amerikan dollaryna aşa baglydygy barada netijä geldiler. Barlaga gatnaşyjylaryň tas ýarysy şu sebäpden portfel düzümini täzeden gözden geçirdiler.

Maşgala ofisleri ösüp gelýän bazarlaryň paýnamalaryna we infrastruktura aktiwlerine maýa goýumlaryny artdyrmagy meýilleşdirýärler. UBS-iň ýerine ýetiriji direktory Benjamin Kawalli maýadarlaryň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde we belli bir derejede Günbatar Ýewropada öz orunlaryny berkitmäge barha köp çalyşýandygyny belledi.

"Bu, esasan, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşyndaky maşgala edaralaryna degişli, ýöne biz dollardan ýüz öwürme prosesiniň örän çäkli böleginiň ABŞ-nyň maşgala edaralaryndan gaýdýandygynyň alamatlaryny hem görýäris" - diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Baharda ABŞ-nyň milli bergisi Ikinji Jahan urşundan bäri ilkinji gezek milli ykdysadyýetiň möçberinden geçdi. Mart aýynyň ahyryna çenli ol 31,27 trillion dollara ýetdi, öňki 12 aýyň jemi içerki önümi bolsa 31,22 trillion dollar boldy. Mart aýynda Federal Rezerwiň esasy ölçeg hökmünde ulanýan PCE hümmetsizlenme görkezijisi 3,5% -e ýetdi - bu soňky üç ýyla golaý wagtyň içinde iň ýokary derejedir.


şu gün 11:35
1.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 19:47
922

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

düýn 19:30
2.6k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

18.06.2026 22:09
1.5k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......