19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Belent mertebeli myhman «Oguz han» köşkler toplumynda dabaraly garşylandy. Saparyň çäklerinde premýer-ministr Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy we iki döwletiň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde Hormatly myhmanlar seýilbagynda bag nahalyny oturtdy.
Döwlet Baştutany belent mertebeli myhmana Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Premýer-ministr hem, öz gezeginde, türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam eden gepleşiklerde taraplar Birleşen Milletler Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly halkara düzümleriň çäklerinde özara goldaw bermek tejribesini tassyklady.
Serdar Berdimuhamedow Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşigini (ASEAN) esaslandyryjy ýurt we onuň agzasy bolan Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi we Ählumumy Günortanyň ornuny pugtalandyrmak boýunça Malaýziýanyň başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy. Şeýle-de, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny we halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldap gelýändigi üçin Malaýziýa tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň strategik özeni hökmünde 30 ýyldan bäri Türkmenistanda netijeli işläp gelýän «PETRONAS» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi. Ýakyn wagtda Hazar deňziniň türkmen böleginde uglewodorodlaryň täze ýataklaryny özleşdirmek we gözleg işlerini geçirmek boýunça giň gerimli işleriň başlanjakdygy mälim edildi.
Mundan başga-da, taraplar ýokary tehnologiýalar, maliýe-bank, ulag-logistika, maglumat merkezleriniň işini guramak, «Halal» senagaty we şähergurluşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdy.
Soňra Malaýziýanyň premýer-ministri KHBS-iň wekillerine ýüzlenip, geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny belledi. Anwar Ibrahim çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurtda öndürilýän önümleri Aziýa — Ýuwaş umman sebiti ýurtlaryna ibermek maksady bilen Malaýziýada degişli merkeziň döredilmegi baradaky teklibini durmuşa geçirmek boýunça işleriň ilerlediljekdigini, şeýle-de bilelikdäki hökümetara topary döretmek arkaly gatnaşyklaryň ösdüriljekdigini nygtady.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilim ulgamy, tejribeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak we akademiki alyşmalar baradaky gatnaşyklary güýçlendirmek bellenildi. Premýer-ministr Anwar Ibrahim medeni dialogyň aýdyň nusgasy hökmünde beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 100-e golaý goşgusynyň malaý diline terjime edilendigini aýratyn nygtady. Geljek ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 35 ýyllygynyň belleniljekdigi bellenilip geçildi.
Gepleşikleriň jemleri boýunça Prezident Serdar Berdimuhamedow we premýer-ministr Anwar Ibrahim Bilelikdäki Beýannama gol çekdi. Metbugat wekillerine ýüzlenmelerinden soň, belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi kabul edişlik guraldy.
Saparyň çäklerinde Malaýziýanyň premýer-ministri Aşgabadyň golaýyndaky Gypjak obasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhman Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady hem-de juma namazyny okady.
Resmi saparyň maksatnamasy tamamlanandan soňra Malaýziýanyň premýer-ministri Halkara howa menzilinden Watanyna ugrady.



