18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär diýip, TDH habar berýär.
Paýtagtyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşylady. Howa menziliniň çäginde Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, haly düşelen ýodajygyň ugrunda bolsa Hormat garawuly nyzama düzüldi. Resmi garşylamak dabarasyndan soňra, premýer-ministriň awtoulag kerweni sapar wagty özi üçin taýýarlanan kabulhana tarap ugrady.
Türkmen-malaýziýa gatnaşyklary deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Ýurtlar ikitaraplaýyn formatda hyzmatdaşlyk edýär, şeýle hem halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň meýdançalarynda biri-biriniň başlangyçlaryny özara goldap çykyş edýär.
Döwletara gepleşikleriň ösüşinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylda Malaýziýa bolan resmi sapary möhüm tapgyrlaryň biri boldy.
Nebitgaz pudagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan biri bolup galýar. «Petronas» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işi uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Hazar deňzinde bilelikde toplanan iş tejribesi uglewodorodlary çuňňur gaýtadan işlemek, nebithimiýa we ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamlarynda mundan beýläk-de özara hyzmatdaşlyk üçin berk esas döredýär.
Taraplar şeýle-de ulag-logistika ulgamynda, ýokary tehnologiýalar, oba hojalygy, ylym we bilim ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini göz öňünde tutýar.
Geljekki gepleşikleriň we olaryň netijeleri boýunça gazanyljak ylalaşyklaryň iki ýurduň arasynda giň gerimli ugurlar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etmegine garaşylýar.