Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

  • şu gün 12:31
  • 1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Ak bugdaý etrabynyň «Gäwers» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanyna geldi. Bu ýerde ony oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary we welaýat häkimi garşylady.

Ýurtda sanly ulgam arkaly dolandyrylýan döwrebap kombaýnlaryň gije-gündizleýin işledilmegi ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamaga, döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy bolsa babadaýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegine ýardam edýär.

Saparyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow «Gäwers» daýhan birleşiginiň kärendeçisi D.Muhammetsähedowyň bugdaý meýdanyna baryp, ýetişdirilen bugdaýyň bir dessesini ordy we galla oragyna ak pata berdi.

Döwlet Baştutany 28 gektar kärende ýeriniň 14 gektaryna bugdaý eken we her gektardan 40 sentnere golaý hasyla garaşýan kärendeçi bilen söhbetdeş bolup, onuň zähmet şertleri we meýdanlaryň hasyllylygy bilen gyzyklandy.

Şeýle hem bu ýerde çörek we çörek önümleriniň, gök-bakja hem-de däneli ekinleriň sergisi guraldy. Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik instituty tarapyndan alnyp barylýan işler, hususan-da, täze döredilen güýzlük bugdaýyň “Serdar”, “Arkadag” we “Pyragy” ýaly täze görnüşleri ýurtda ylmyň gazananlarynyň önümçilige işjeň ornaşdyrylýandygyny görkezýär.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ähli welaýatlarda dowam edýän galla oragy möwsüminiň barşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutany ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almagyň, önümleriň bökdençsiz kabul edilmegini hem-de talabalaýyk saklanylmagyny üpjün etmegiň ýurtda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýandygyny aýratyn nygtady we bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Saparyň ahyrynda döwlet Baştutany kärendeçi D.Muhammetsähedowa sowgatlary gowşurdy. Soňra hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.


şu gün 10:26
288

Mejlisde Konrad Adenauer adyndaky Gazna bilen ekologik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

16-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen......

şu gün 09:55
358

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
654

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 11:17
2.9k+

Gazagystanda milli puluň üçünji görnüşi tassyklandy

Gazagystanda sanly teňňe üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady tassyklanylyp, ol nagt we nagt däl pullar bilen bir hatarda, milli puluň üçünji görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada döwlet maliýesini......