Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

  • şu gün 11:28
  • 52

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.

Wekiliýete ýurduň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň direktory Güljemal Çaryýewa ýolbaşçylyk edýär.

Özüniň milli çykyşynda ýurt Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady hem-de bu resminamanyň gol çekmek üçin açylmagynyň 30 ýyllygyny we Türkmenistanyň oňa goşulmagynyň 30 ýyllygyny belledi.

Türkmenistanyň CTBTO bilen işjeň hyzmatdaşlygy, şol sanda Halkara gözegçilik ulgamynyň PS44 «Alibek» seýsmiki stansiýasynyň işleýşi we gözegçilik hem-de barlag ulgamynda milli mümkinçilikleri berkitmek boýunça dowam edýän tagallalary aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýduň golaýda Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri bellenip geçildi. Bu saparyň çäklerinde Aşgabatda ýokary derejeli sebit duşuşygy, milli maglumatlar merkezleri üçin okuw maslahaty hem-de parahatçylyk, howpsuzlyk we ýadro ýaragsyzlanmagy meseleleri boýunça Ýaşlar forumy guralypdy.


düýn 19:44
1.8k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.6k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....