Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär.
Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldy. Mundan başga-da, BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Serbiýanyň telekeçilerine bugdaý uny, buýan köki hem-de buýan köküniň ekstrakty, pagta ýagy we nah ýüplük ýerlenildi. Söwda geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin hem uly möçberde söwda geleşiklerini amala aşyrdy. Olar «Türkmennebit» döwlet konserninden nebit ýol bitumyny, şeýle hem pagta ýagyny, nah ýüplügi, nah matany we pagta süýümini satyn aldy. Bu geleşikleriň jemi bahasy 244 million manatdan gowrak boldy.