Gazagystanda milli puluň üçünji görnüşi tassyklandy

  • şu gün 11:17
  • 505

Gazagystanda sanly teňňe üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady tassyklanylyp, ol nagt we nagt däl pullar bilen bir hatarda, milli puluň üçünji görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada döwlet maliýesini sanlylaşdyrmaga bagyşlanan brifingde maliýe ministriniň orunbasary Aset Turysow mälim etdi.

Onuň sözlerine görä, geçen ýyl Milli bank bilen bilelikde sanly teňňäni ulanmak arkaly 20 töweregi synag taslamasy durmuşa geçirildi. Alnan netijeler hökümete we Milli banka puluň täze görnüşini mundan beýläk-de ornaşdyrmak meýilnamasyny tassyklamaga mümkinçilik berdi.

Şu gün ýurt üçin möhüm taslama bolan sanly teňňe barada döwlet Baştutany hem belläp geçdi. Kadalaşdyryjy-hukuk üpjünçiligi tassyklanyldy. Resmi taýdan sanly teňňe Gazagystanda üçünji milli pul hasaplanýar diýip, Tengrinews neşiri Turysowyň sözlerini getirýär.

Sanly teňňäniň ulanylyşy tapgyrlaýyn giňeldiler. Ilkinji nobatda, ony býujet maksatnamalarynyň guramaçylary tarapyndan hödürlenen taslamalarda, şeýle hem hökümet tarapyndan kesgitlenen başlangyçlarda ulanmak meýilleşdirilýär.

2025-nji ýylyň iýul aýynda premýer-ministr Olžas Bektenow respublikan býujetden we Milli gaznadan maliýeleşdirilýän azyndan 100 sany iri taslamany sanly teňňä geçirmegi tabşyrypdy. Munuň býujet serişdeleriniň hereketiniň aýdyňlygyny ýokarlandyrmaga we olaryň ulanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmäge kömek etjekdigi göz öňünde tutulýar.


şu gün 11:27
313

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

şu gün 09:41
974

Bloomberg: Dünýäniň iň baý 500 adamynyň baýlygy bir günde rekord $336 mlrd artdy

15-nji iýunda Nýu-Ýork gazna biržasyndaky söwdalaryň netijeleri boýunça dünýäniň iň baý 500 adamynyň şahsy baýlygy 336 milliard dollar artdy. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, bu görkeziji degişli......

düýn 19:44
1.8k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

düýn 12:54
4.5k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......