Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

  • şu gün 11:27
  • 252

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Gatnaşyjylar Owganystandaky häzirki ýagdaýy, sebit hyzmatdaşlygynyň geljegini we ýurduň durnukly ösüşine ýardam bermek üçin halkara özara hereketleri ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşygyň dowamynda Owganystana ynsanperwer kömegini bermekde, onuň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde, döwlet institutlaryny pugtalandyrmakda we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň eýeleýän orny nygtaldy.

Mejlisde çykyş edip, Ahmet Gurbanow Türkmenistanyň parahat, durnukly we ykdysady taýdan kuwwatly Owganystany goldamak baradaky yzygiderli garaýşyny belledi. Türkmen tarapy sebit durnuklylygyny berkitmek we hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen sebitiň ýurtlary, Ýewropa Bileleşigi we halkara guramalary bilen mundan beýläk-de işjeň gatnaşyk etmäge taýýardygyny tassyklady.


şu gün 11:17
463

Gazagystanda milli puluň üçünji görnüşi tassyklandy

Gazagystanda sanly teňňe üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady tassyklanylyp, ol nagt we nagt däl pullar bilen bir hatarda, milli puluň üçünji görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada döwlet maliýesini......

düýn 19:44
1.8k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 07:42
2k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......