Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy tamamlaýar. Taslama Hytaýyň, Gonkongyň, Tailandyň, BAE-niň we Saud Arabystanynyň merkezi banklary gatnaşýarlar.
Ulgamy dolandyrmak üçin Gonkongda aýratyn gurluşy döretmek meýilleşdirilýär. Işe girizilmeli takyk sene entek yglan edilmedi. Platforma blokçeýn tehnologiýasyny ulanýar we dollary araçy gural hökmünde ulanmazdan, merkezi banklaryň arasynda olaryň sanly walýutalarynda göni hasaplaşyklary üpjün edýär.
Bar bolan maglumatlara görä, ulgam arkaly eýýäm takmynan 470 milliard ýuan (69 milliard dollar) möçberinde amallar geçirildi. «mBridge» ulgamyndaky göterim ýygymlarynyň adaty halkara töleg ulgamlary bilen deňeşdirilende takmynan iki esse pes bolmagyna garaşylýar. Taslama ilkinji nobatda kiçi telekiçilere gönükdirilendir, çünki olar üçin halkara pul geçirmeleriniň bar bolan usullary gymmat we çylşyrymly bolmagynda galýar.
Ilkibaşda «mBridge» 2021-nji ýylda Halkara hasaplaşyklar bankynyň gatnaşmagynda işe girizilipdi. 2024-nji ýylda taslamany dolandyrmak gatnaşyjy ýurtlara geçirildi. Hytaýyň häkimiýetleri ulgamyň jenaýatçylykly ýollar bilen alnan pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşmek boýunça halkara talaplaryna laýyk gelýändigini we sanly ýuandaky halkara hasaplaşyklarynyň ösmegine ýardam etjekdigini mälim edýärler.