Awstraliýada guşuň ýumurtgaly höwürtgesi sebäpli futbol meýdançasy wagtlaýyn ýapyldy

  • 08.09.2025 17:10
  • 18k+

Kanberranyň (Awstraliýanyň paýtagty) etegindäki Jerrabomberranyň sebit sport toplumynyň futbol meýdançasy bir aýa çenli möhlet bilen ýapyldy. Munuň sebäbi meýdançanyň merkezi çyzygynda seýrek we goralýan guşuň – çulugyň ýumurtga guzlamagy boldy diýip, 9News neşiri habar berýär.

Täze Günorta Uelsiň milli seýilgähler we ýabany tebigat gullugy (NPWS) ýumurtgany başga ýere geçirmezligi maslahat berdi, şonuň üçin bu meýdançada meýilleşdirilen ähli oýunlar başga meýdançalara geçirildi. Bu ýerde diňe guş çagalary çykandan ýa-da höwürtge hünärmenleriň razylygy bilen göçürilenden soň oýnap bolar.

“NPWS bize höwürtgäni kem-kemden gysga aralyklara geçirmäge ygtyýarnama berdi” – diýip, sebit geňeşiniň wekili habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, bu proses birnäçe gün ýa-da birnäçe hepde dowam edip biler. Bu ýagdaý birinji ýumurtgadan soň guşuň ýene ikisini guzlamagy bilen has-da kynlaşdy.

Çuluklar, köplenç, açyk ýerlerde, meýdançalarda ýa-da tekiz üçeklerde höwürtgelenýär. Bu guşlar ýumurtgalaryny agressiw gorap, höwürtgä golaýlaşan adamlara ýa-da haýwanlara hüjüm edýär.


08.06.2026 10:16
6.6k+

Awstraliýada bahasy 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak ekzotik saçakçy ele salyndy

Awstraliýanyň Täze Günorta Uels ştatynda howpsuzlyk gullugynyň işgärleri umumy bahasy takmynan 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak janly ekzotik saçakçyny ele saldylar. Bu barada The Guardian gazeti habar......

22.04.2026 17:08
7.4k+

22 sagatlap howada bolmak isleýänlere: Qantas dünýäniň iň uzak uçuşlaryny taýýarlaýar

Awstraliýanyň Qantas awiakompaniýasy awiasiýa taryhynda iň dowamly täjirçilik uçuşlaryny amala aşyrmaga taýýarlanýar. Täze gatnawlar Sidneý şäherini London we Nýu-Ýork bilen birleşdirer....

20.04.2026 14:53
12k+

91 ýaşynda ata boldy: Awstraliýanyň ýaşaýjysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Awstraliýaly Çarlz Smit dünýäde ilkinji gezek ata bolan iň garry erkek adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan ykrar edildi. Agtygy Aýlanyň dünýä inen pursatynda Smitiň ýaşy 91 ýyl 209......

18.04.2026 15:16
3.4k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......