Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

  • 18.04.2026 15:16
  • 3.5k+

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir wagtyň özünde, käbir ýurtlaryň sebitleri ululygy boýunça uly we ilatly döwletler bilen deňeçer bolýar.

Bilermenler tarapyndan düzülen infografika görä, dünýäde iň uly administratiw-territorial birlik Russiýanyň Saha Respublikasydyr (Ýakutiýa). Onuň meýdany 3,08 million inedördül kilometrden geçýär, bu bolsa Hindistanyň meýdany bilen deňeçerdir.

Günbatar Awstraliýa sanawda ikinji orny eýeleýär (2,6 million inedördül kilometr), Russiýanyň Krasnoýarsk ülkesi bolsa üçünji orny eýeleýär (2,3 million inedördül kilometr). Daniýanyň awtonom territoriýasy bolan Grenlandiýa we Kanadanyň Nunawut adalary hem ilkinji bäşlige girdiler. Bu birlikleriň çaginiň ululygy olary meýdany boýunça Gazagystan ýa-da Argentina ýaly ýurtlar bilen deňeçer edýär.

Ilkinji 12-lige ABŞ-nyň Alýaska ştaty, Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýony, Braziliýanyň Amazonasy, Kanadanyň Kwebeki we Awstraliýanyň Demirgazyk territoriýalary hem girýär.

Bu infografika döwletiň içindäki sebitleriň we ştatlaryň meýdany boýunça planetanyň iň uly ýurtlary bilen bäsleşip biljekdigini aýdyň görkezýär.


19.06.2026 19:53
2.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......