91 ýaşynda ata boldy: Awstraliýanyň ýaşaýjysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 20.04.2026 14:53
  • 12k+

Awstraliýaly Çarlz Smit dünýäde ilkinji gezek ata bolan iň garry erkek adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan ykrar edildi. Agtygy Aýlanyň dünýä inen pursatynda Smitiň ýaşy 91 ýyl 209 güne deňdi.

Dünýä derejesinde gazanylan bu üstünlik baradaky şahadatnama Smit üçin garaşylmadyk sowgat boldy: onuň ogly Eşli we gelni Hanna bu baradaky arzany ondan gizlinlikde tabşyrypdy. Resmi ykrarnama garamazdan, Çarlz özi üçin esasy zadyň titul däl-de, maşgalasydygyny belleýär.

Smitiň özi harby gullugyndan we awtosport pudagyndaky karýerasyndan soň, 55 ýaşynda kaka bolupdy.

Ýakynlarynyň aýtmagyna görä, Smit ýokary işjeňligini saklaýar: ol kemperde ýurda syýahat edýär we gaýykda deňze çykýar.

«Kakamda iň haýran galdyryjy zat — onuň özbaşdaklygy. Ol pensiýada durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar, furgonynda Awstraliýa syýahat edýär we Morton aýlagy boýunça gaýykda aýlanýar. Ýaşy oňa hiç hili täsir etmedi, meniň pikirimçe, ol häzir öňküdenem has işjeň. Onuň durmuşa bolan garaýşy örän oňyn we onuň dostlary hem köp» – diýip, ogly Eşli kakasyny häsiýetlendirýär.

Maşgalada ata bilen agtygyň arasynda aýratyn baglanyşygyň bardygy bellenilýär. Agtygy bilen ilkinji gezek duşuşan pursatyny Smit «hakyky jady» diýip atlandyrýar.

«Eşli, Hanna we Aýla — bu meniň durmuşdan islänlerimiň jemi» – diýip, rekord eýesi-ata aýdýar.

Belläp geçsek, zenanlaryň arasynda şular ýaly rekord 95 ýaşynda ilkinji gezek ene bolan Marianna Wallenberge degişlidir.


18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....