Awstraliýada ilkinji gezek plastik galyndylardan asfalt taýýarlandy

  • 19.09.2025 14:50
  • 7.9k+

Awstraliýada hojalyk plastikasyny peýdaly ulanmagyň täze usulyny oýlap tapdylar. Edit Kouen uniwersitetinden (ECU) alymlar paketleri, çüýşeleri we beýleki plastik galyndylary ýol örtügi üçin bitum garyndysyna goşmagy teklip etdi. Ilkinji şeýle asfalt eýýäm taýýarlandy we indi ony hakyky şertlerde synagdan geçirmek meýilleşdirilýär.

Ylmy gözlegçilerden Ali Godratiniň aýtmagyna görä, plastikleriň ulanylmagy diňe bir galyndylary azaltman, eýsem şol bir wagtyň özünde asfalt-betonyň berkligini ýokarlandyrýar. MDPI-de neşir edilen ylmy gözlegde termoplastlaryň öz ereme temperaturasy netijesinde bitum bilen has gowy birleşýändigi bellenilýär. Proses goşmaça energiýa çykdajysyny talap etmeýär we zyýanly maddalary bölüp çykarmaýar.
Plastigiň goşulmagy çyg, gury ýa-da garyşyk usul arkaly amala aşyrylyp bilner. Çyg usul materiallaryň biri-biri bilen has gowy birleşmegine mümkinçilik berip, mikroplastik zyňyndylaryny azaldýar. Gurak usul bolsa amaly aňsatlaşdyrýar, ýöne ol deň ýaýradylman biler.
Alymlar ýol örtüginiň awtomobilleriň hereketinde, ýagynlarda we temperatura üýtgemelerinde özüni nähili alyp barýandygyna düşünmek üçin hakyky synaglaryň zerurdygyny belleýär. Plastigiň aşa köp bolmagy asfalty ejiz edip, daşky gurşawa-da täsir edip biler.
Hojalyk plastikasynyň asfaltda ulanylmagy, çaklamalara görä, 2050-nji ýyla çenli ýylda 1 trln tonna ýetip biljek plastik galyndylaryny, iň bolmanda, bellibir derejede azaltmaga mümkinçilik berer. 


08.06.2026 10:16
6.6k+

Awstraliýada bahasy 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak ekzotik saçakçy ele salyndy

Awstraliýanyň Täze Günorta Uels ştatynda howpsuzlyk gullugynyň işgärleri umumy bahasy takmynan 200 müň dollar bolan 100 müňden gowrak janly ekzotik saçakçyny ele saldylar. Bu barada The Guardian gazeti habar......

07.06.2026 10:07
3.2k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
2.9k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

21.05.2026 22:52
8.3k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....