Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

  • 21.05.2026 22:52
  • 8.3k+

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady.

Bu taslama ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň karary bilen amala aşyrylyp, onuň esasy maksady adamlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak we ekologiýa medeniýetini ösdürmekdir. Programma öz ulanyjylaryndan günde iň azyndan 10 müň ädim ätmegi talap edýär we ony ýerine ýetirenlere pul baýragyny berýär.

Häkimiýetler bu adaty bolmadyk çäräniň üsti bilen adamlaryň saglygyny goramak, şeýle-de olaryň işe, dükana ýa-da okuwa barýan aralyklaryny takside ýa-da öz ulagynda däl-de, pyýada ýöräp gitmäge höweslendirmek we şonuň netijesinde ýollardaky ulaglary selçeňledip, howanyň zyýanly gazlar bilen hapalanmagynyň öňüni almak isleýärler.

Häzirki wagtda bu ykjam programmany smartfonlaryň meşhur programma dükanlaryndan (App Store, Google Play) ýükläp almak bolar. Ekologiýa baradaky döwlet komitetiniň habar bermegine görä, hünärmenler ulanyjylara bonuslary hasaplamagyň tehniki ulgamyny kämilleşdirmegi dowam edýärler. Bu taslamany maliýeleşdirmek we adamlara pul tölemek üçin ýörite gaznadan her ýyl 10 milliard sum (takmynan 830 müň dollar) sarp edilmegi göz öňünde tutulýar.

Özbegistanda şuna meňzeş taslama öň, 2021-nji ýylda «Sagdyn durmuş ýörelgesi» taslamasynyň çäginde-de girizilipdi. Şonda her günki pyýada ýöremek kadasyny ýerine ýetiren her bir adama 3 müň sum berilýärdi. Emma 2022-nji ýylyň baharynda ol maksatnama ýapyldy. Indi bolsa häkimiýetler ony täze ekologiýa strategiýasynyň çäginde has-da kämilleşdirip, gaýtadan ýola goýdular.


07.06.2026 10:07
3.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
2.9k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

03.06.2026 23:15
3.8k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......