Dünýäde iň uly elektrik gämisi Tasmaniýada ilkinji synaglardan üstünlikli geçdi

  • 18.12.2025 13:23
  • 6.4k+

Awstraliýanyň Incat Tasmania gämi gurluşyk kompaniýasy tarapyndan gurlan we doly elektrik energiýasy bilen işleýän dünýäde iň uly gämi Tasmaniýanyň Hobart şäherinde ilkinji suw synaglaryny üstünlikli tamamlady. Bu barada Interesting Engineering habar berýär.

«Bu ilkinji gezek şeýle uly gäminiň doly derejede batareýa-elektrik tirkegine daýanyp, synagdan geçmegi boldy. Bu toparymyzyň ajaýyp üstünligi we gämi gurluşygy üçin möhüm pursat» — diýip, Incat kompaniýasynyň başlygy Robert Klifford belledi.  

Uzynlygy 130 metr bolan gämi Günorta Amerikanyň Buquebus operatory üçin niýetlenýär we 2100 töweregi ýolagçyny hem-de 220-den gowrak ulag serişdesini daşamaga ukyplydyr.
Gämi 250 tonnadan gowrak akkumulýatordan ybarat energiýa ulgamyny ulanýar. Batareýalaryň umumy sygymy 40 000 kilowatt/sagatdan geçýär, bu bolsa ozal döredilen islendik deňiz akkumulýator toplumyndan dört esse köpdür. Batareýa ulgamy sekiz elektrik ýöredijisine elektrik energiýasyny berýän 5016 litiý-ion elementlerini öz içine alýar.
Gämi 90 minutlyk gatnawy ýerine ýetirip bilýär, ýöriteleşdirilen infrastrukturada akkumulýatorlaryň doly zarýady bolsa 40 minut töweregi wagt alýar.
Gäminiň hemişelik ugry Buenos-Aýres (Argentina) bilen Koloniýa-del-Sakramentony (Urugwaý) birleşdirýän Rio-de-la-Plata estuarisi arkaly geçiş bolar. 


26.01.2026 22:13
3.6k+

Awstraliýanyň gadymy kengurulary 250 kg agrama garamazdan böküp bilipdirler

Alymlar mundan 13–30 müň ýyl ozal Awstraliýada ýaşan äpet kengurularyň 250 kilograma ýetýän agramyna garamazdan, böküp bilendiklerini anykladylar. Deňeşdirmek üçin aýtsak, häzirki döwrüň iň uly gyzyl kengurularynyň agramy 90 kilogramdan geçmeýär...

16.01.2026 15:17
5.6k+

Ýeriň iň gadymy derýasy tapyldy: ol dinozawrlar döwründen hem öň akypdyr

Alymlar Ýeriň iň gadymy derýasyny tapdylar. Live Science žurnalynyň maglumatyna görä, ol Awstraliýadaky Finke derýasy bolup çykdy. Arizona uniwersitetiniň geomorfology Wiktor Beýker bu derýa ulgamynyň ýaşynyň 300 bilen 400 million ýyl aralygyndadygyny, munuň bolsa onuň dinozawrlardan hem gadymydygyny aňladýandygyny aýdýar...

21.11.2025 23:19
7.9k+

Awstraliýada 55 mln ýyl ozal ýaşan krokodilleriň ýumurtgalarynyň bölekleri tapyldy

Awstraliýanyň gündogaryndaky Murgon şäherinde krokodilleriň ýitip giden toparynyň ýumurtgalarynyň ýurtda iň gadymy bölekleri tapyldy. Tapyndy alymlara bu haýwanlara we olaryň ýaşaýyş gurşawyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berer diýip, Täze Günorta Uels uniwersiteti habar berýär...

16.11.2025 17:03
3.7k+

Awstraliýada “şahlyja” arylaryň täze görnüşi tapyldy. Olar "lýusiferler" diýlip atlandyryldy

Günbatar Awstraliýada barlagçylar kellesi naşyja “şahlyja” arylaryň täze görnüşini tapdylar. Bu görnüşe Megachile lucifer  diýen geň at  dakyldy. Bu açyşy Kýortin uniwersiteti yglan etdi. "Urkaçysynyň [Megachile lucifer] kellesinde diýseň kiçijik şahlary bar...